Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň beýik başlangyçlaryndan nurlanýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitarap Watanymyzyň dünýä ýurtlary bilen alyp barýan parahatsöýüjilikli, dostana gatnaşyklary ýylsaýyn berkeýär. Bu köpugurly dostana gatnaşyklar ýurdumyzyň dünýä derejesindäki at-abraýyny has-da belende galdyrýar. Toý-baýramly eziz diýarymyzyň medeni ugurda alyp barýan dostlukly hem ysnyşykly gatnaşyklary hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bir serhedi paýlaşyp, bir derýanyň bol suwundan ganýan türkmen hem özbek halklarynyň dostanalyga, ynsanperwerlige ýugrulan gatnaşyklary bu gün täzeçe derejä çykýar. Alnyp barylýan ysnyşykly gatnaşyklar bolsa iki ýurduň arasyndaky jebisligi, goňşuçylygy has hem pugtalandyrýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly hem türkmen-özbek dostlukly gatnaşyklarynyň has hem berkeýän ýyly boldy diýsek ýalňyşmasak gerek. Muňa iki ýurduň arasynda ýola goýulýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalanýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrülen, ýaňy-ýakynda düýbi tutulan Türkmen-özbek serhetýaka Söwda zolagynyň – Söwda merkezi, Özbegistan Respublikasynyň Ürgenç şäherinde türkmen-özbek dostluk öýüniň açylmagy, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde «Daşkent» seýilgähiniň açylmagy hem iki ýurduň arasyndaky däp bolan hoşniýetli goňşuçylygyň aýdyň nyşany bolup durýar.
Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda iki ýurduň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň syýasy, söwda-ykdysady, medeni we beýleki ulgamlardaky rowaçlanýan ösüşler döwrebap häsiýete eýe bolýar. Şeýle-de üstümizdäki ýylyň 16-17-nji noýabrynda Daşoguz welaýatynda uly joşguna, şatlyk-şowhuna beslenip geçen Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly hem bellärliklidir. Hoşniýetlilige, doganlyga, mähribanlyga ýugrulan bu festiwal beýik ägirtler bolan Magtymguly Pyragy hem-de Alyşir Nowaýynyň belent sarpasyndan nyşandyr. Geçirilen dostluk festiwalynyň çäklerinde Daşoguz welaýatynyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynda iki ýurduň medeniýet hem sungat ussatlarynyň konsertiniň uly şatlyga beslenip geçirilmegi, Nurmuhammet Andalyp adyndaky sazly-drama teatrynda doganlyk halklaryň teatr ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde sahna oýunlarynyň görkezilmegi iki ýurduň wekillerine dostanalyk, mähribanlyk paýlady. Dünýä ýurtlary bilen şeýle parahatçylyga, hoşniýetlilige hem dostanalyga ýugrulan gatnaşyklarymyzyň berkemegi ugrunda netijeli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys. Goý, Mähriban Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, parahatçylyga we ynsanperwerlige esaslanýan döwlet syýasaty mundan beýläk hem dabaralansyn!
Nury ATAJANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy,
institutyň Magtymguly adyndaky ilkinji
ýaşlar guramasynyň başlygy.
Teswirler