Watansöýüji, ýokary ahlak sypatly, ynsanperwer, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerine wepaly ýaşlary kemala getirmek döwletimiziň baş wezipeleriniň biridir. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary, ýadawsyz zähmeti, döredijilikli, parasatly, ynsanperwer syýasaty bilen ýurdumyzda ýaşlar syýasaty döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýaş nesilleriň halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden, asyrlar boýy sünnäläp gelen milli ruhy-ahlak gymmatlyklaryň esasynda terbiýelenmegi, Watanymyzyň ýeten derejesine buýsanýan, jemgyýete wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr.
Hemişelik Bitaraplyk milli ýörelgämiziň özenidir. Milli ýörelgämiziň esasynda hoşniýetli goňşuçylyk, parahatsöýüjligi, abadan ili, asudalygy goramak, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary saklamak we pugtalandyrmak ýaly milletimiziň gadymdan bäri dowam edip gelýän aýratynlyklary jemlenendir. Ata-babalarymyz hemişe goňşulary bilen duz-çörekli, ysnyşykly gatnaşypdyr, hoşmeýillilik, oňşuklylyk, birek-birege sarpa goýmak milletimiziň aňyna, däbine, dessuryna siňipdir. Milletimiziň aňyna, paýhasyna mahsus bolan bitaraplygymyz bu gün dillerde sena bolmaga mynasypdyr.
Bitarap döwletimizde ýaş nesliň jemgyýetde öz mynasyp orunlaryny tapmagy olaryň ata-babalarymyzdan miras galan ýokary ahlak sypatlaryna eýe bolup, ylymly- bilimli, giň dünýägaraýyşy bolmaklary bilen baglanyşdyrylýar. Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Bitarap Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan ýaşlar syýasatynda ýaşlaryň öz çagalyk arzuwlaryna ýetip, ussat hünärmenler, il-güne gerekli, ilhalar, watansöýiji, ynsanperwer, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler, mümkinçilikler döredilendir. Ýaş nesilleri milli ruhda, Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda terbiýelemek, olarda bilimiň ähli görnüşleri boýunça düşünjelerini has-da artdyrmak, döretmek endiklerini has-da güýçlendirmek babatda guramaçylykly işler alnyp barylýar. Döwlet möçberinde bilim ulgamynda geçirilen giň gerimli özgertmeler özüniň anyk miwelerini bermek bilen çäklenmän, ýurdumyzda ylym we bilim boýunça ykdysadyýetiň ösüşiniň hil taýdan täze derejesine ýetirilmegine hem-de ahyrky netijede döwletimiziň içerki we tutuş dünýädäki ösüşlerde eýeleýän ornunyň ýokarlanmagyna ýardam berip biljek binýadyň düýbi tutuldy.
Arkadagly Serdarymyzyň öňe sürýän başlangyçlary şöhratly geçmişimizi döwrebap dowam etdirip, şanly ertirlerimiziň eýeleri boljak ýaşlarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, päk ahlakly, gollary hünärli bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri, mümkinçilikleri döredýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrülip, halkymyzda uly kanagatlanma duýgusyny döretdi. Çünki bu başlangyçlar ösüp gelýän ýaş nesli watansöýüji, ýokary ahlak sypatly, ynsanperwer, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerine wepalylyk ruhunda terbiýelemek babatda ulgamyň öňünde durýan belent wezipeleriň amal edilmegine mümkinçilik berer.
Milli ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşini üpjün etmäge, bilimiň hilini ýokarlandyrmaga hem-de ýaş nesliň döredijilik başarnygyny ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!
Gunça NAZAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Teswirler