Änew şäherindäki hassahananyň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar

25-nji noýabrda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy, şeýle-de käbir möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hasabat bilen çykyş edip, Ahal welaýatynda täze desgalaryň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk barada durup geçdi. Bellenilişi ýaly, Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde hassahananyň durkuny täzelemek hem-de Bäherden etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr lagym suwuny arassalaýjy desgalaryň gurluşyk-gurnama işleri tamamlanyp, ulanyşa girizmek üçin taýýar edildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, sebitlerde önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegini üpjün etmegiň esasy talap bolup durýandygyny aýdyp, öňdebaryjy tejribäni ulanmak hem-de sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly gurluşygyň hili bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini aýdyp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok