Talyplaryň arasynda himiýa we kompýuter grafika derslerinden internet olimpiadasy geçirildi

Ýaňy ýakynda Türkmen döwlet binägärçilik-gurluşyk institutynda sanly ulgam arkaly himiýa we kompýuter grafika derslerinden geçirilen internet olimpiadasynyň netijeleri jemlendi.

Olimpiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Bäsleşigiň netijesinde himiýa dersinden 7 talyp I orna, 12 talyp II orna, 19 talyp III orna we kompýuter grafika dersinden bolsa 6 talyp I orna, 11 talyp II orna, 18 talyp III orna mynasyp boldular. Talyplar diplom hatlary we baýraklar bilen sylaglanyldy.

KAKAGELDI AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok