Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna ilkinji resmi sapary bolar

24-nji noýabrda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Pak Jin bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Söhbetdeşlikde ministrler ikitaraplaýyn gün tertibinde ileri tutulýan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem iki döwletiň ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçiriljek duşuşyklar barada pikir alyşdylar.

Söhbetdeşligiň barşynda, şu ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna boljak birinji resmi sapary parlament ugry boýunça, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary boýunça döwletlerimiziň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açmakda ähmiýetiniň bardygy beýan edildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok