Birinji Açyk Halkara Ekologiýa Internet Olimpiadasy geçirilýär

2022-nji ýylyň 5-nji dekabrda S.A Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwerstitetinde 1-nji Açyk Halkara Ekologiýasy Olimpiadasy geçiriler.

Olimpiada açyk görnüşde geçirilip, oňa ýurdumyzyň we beýleki döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň dürli hünärleriniň we ugurlarynyň talyplary gatnaşyp biler. Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýän ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 2022-nji ýylyň 2-nji dekabryna çenli agza bolmak baradaky resminamany doldurmaly. Olimpiadada beriljek ýumuşlar

Ekologiýanyň aşakdaky bölümleri boýunça taýýarlanylýar:
– Populýasiýalaryň ekologiýasy we biosfera;
– Adam ekologiýasy we häzirki zaman ekologiýa meseleleri;
– Senagat ekologiýasy;
– Ekologiki monitoring;
– Ekologiýa kanunçylygy we halkara guramalar

Olimpiadanyň maksady we wezipeleri:

-Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyklaryny pugtalandyrmak;
– Häzirki döwürde ylmyň we tehnikanyň ösmegi bilen ýüze çykýan ekologiki meseleleri çözmäge ukyply ýäş hünärmenleri ýetişdirmek;
– Talyplaryň ekologiki sowatlylygyny-tebigaty goramak we ekologiýa gatnaşyklaryny öz geljekki hünärlerinde peýdalanyp bilmek ukyplaryny ösdürmek;
– Sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly talyplarda ekologiýa we daşky gurşawy goramaklyga degişli nazary meseleleri çözmeklige gyzyklanma döretmek.

Olimpiadanyň ýeňijileri 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlar bilen sylaglanar.

KAKAGELDI AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok