Beýik başlangyçlaryň rowaçlanýan mekany bolan Türkmenistan döwletimiz gün-günden özgerýär. Munuň şeýledigi eşretli eýýamda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda amala aşyrylýan beýik işlerde, ýetilýän sepgitlerde aýdyň görünýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklaryny, sanly ulgamdan baş çykarmaklaryny, boş wagtlaryny peýdaly geçirmeklerini gazanmak möhüm wezipe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylmy we bilimi düýpli ösdürmek, onuň gazananlaryny milli ykdysadyýetde netijeli ulanmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ösdürmek ýaly möhüm işler esasy ileri tutulýan ugurlaryň hataryna çykaryldy.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda durmuşa geçirilýän tutumly işleriň gözbaşynda ylym-bilimiň goýulmagy, bu ugurda dünýäniň iň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy ösüp gelýän ýaş nesliň kämil bilim almagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Bilim ulgamyndaky öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ugra aýratyn ähmiýet bermegi bilen ähli ösüşleriň pugta binýadyny düzýän ylym-bilim ulgamynyň işi döwrüň talabyna görä, dünýä ülňülerine laýyk derejede yzygiderli kämilleşdirilýär. Aýratyn hem, bu ulgamda ylmy-tehniki innowasion ösüşlere, öňdebaryjy işläp taýýarlamalar tejribelerine, sanly bilime we sanly ykdysadyýete, täze hünär ugurlarynyň açylmagyna uly ähmiýet berilmegi öňegidişligiň gazanylmagyny has-da işjeňleşdirdi.
Islendik ýurduň ösüşi diňe bir onuň tebigy serişdeleri, ykdysady we durmuş mümkinçilikleri arkaly däl-de, eýsem, ýokary hünärli, köptaraply hünärmenleriniň, ylym we tehnologiýa ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň derejesine bagly bolup durýar. Täzeçil usullar, sanlylaşdyrma, ylmyň gazananlary we ýokary tehnologiýalar häzirki döwürde döwletiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň, umuman, jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şertini emele getirýär. Diýarymyzda täzeçil ösüşe, ykdysadyýetiň senagatlaşdyrylmagyna, köpugurly esasda ösdürilmegine, senagat düzümleriniň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, ýokary tehnologiýaly önümçiligiň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan ýokary hünärli işgärler bilen üpjünçiligini pugtalandyrýar. Şeýlelikde, ýurdumyzda täze iş orunlary döredilýär. Munuň özi ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrýar.
Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny hemme taraplaýyn ösdürip, ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklary üçin taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun! Alyp barýan işleri hemişe rowaç alsyn!
Yhlas MERGENBAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Teswirler