Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň döredilenine 29 ýyl boldy

Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň döredilenine 29 ýyl boldy. Bu şanly waka mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda ýylymyzda geçirilen bu çäre Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäherindäki Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň goldamaklarynda guraldy.

Belläp geçsek, her ýyl bu mekdebi zehinli ýaşlaryň ençemesi tamamlaýar we ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine girýärler. Bu ýerde ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisinden gelen çagalar okaýarlar. Sebitlerden ýetişigi ýokary okuwçylar 6-njy synpy tamamlandan soň, bäsleşik esasynda geljekki fizikleriň, matematikleriň, himiýaçylaryň we biologlaryň taýýarlanylýan mekdebine girip bilerler. Mekdepde beýleki dersler bilen birlikde bu dersler çuňlaşdyrylyp öwredilýär. Galyberse-de, çagalar tans, aýdym-saz , surat, çeper eller gurnaklaryna gatnap, hünärleri öwrenýärler we ukyp-başarnyklaryny ösdürýärler.

Ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk güni we mekdebiň döredilen güni mynasybetli çärä gatnaşanlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Teswirler

Han

mugallymlarymyzyñ ýaşy uzak bolsun!