Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parahatçylyksöýüjilikli we ynsanperwer döwlet syýasatynyň okgunly durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty artyp, halkara abraýy has-da pugtalandy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylda hem döwletimiziň halkara derejesinde alyp barýan ynsanperwerlik, parahatçylyk we özara ynanyşmak syýasaty giň goldawa eýe bolýar.
Köpasyrlyk tejribä, medeni ýakynlyga esaslanyp, biziň ýurdumyz hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek däpleriniň nesilden-nesle geçirilmegini, häzirki şertlerde umumy maksatlary, ileri tutulýan ugurlary birleşdirmegi, goňşy ýaşaýan halklaryň taryhy ykballarynyň bitewiligini nazara alyp, hyzmatdaşlygyň netijeli guralyny döretmegi başardy. Bu bolsa parahatçylygy we durnuklylygy saklamak ykdysady, söwda hem-de ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmek, durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri dünýä döwletleri bilen bilelikde çözmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda biziň diplomatik wekilhanalarymyz Aziýanyň, Ýewropanyň, Amerikanyň, Aziýa-Ýuwaş umman we beýleki iri sebitleriň onlarça ýurtlarynda işlemek bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we milli bähbitlerimizi üpjün etmek üçin öz wezipelerini birkemsiz ýerine ýetirýärler.
Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan yzygiderli ösüş depginli we täzeçillik häsiýetli daşary syýasat strategiýasy türkmen döwletiniň halkara abraýynyň gyşarnyksyz pugtalanmagynda sebit we global geosyýasat boýunça onuň tutýan ornunyň we abraýynyň has-da artmagyna getirýär. Türkmen diplomatlary üçin ýol-ýörelge hökmünde kabul edilen «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017—2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» türkmen halkynyň ata-babalarymyzdan miras galan gymmatlygy bolan birek-birege hormat goýmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýar hem-de ýurdumyzyň şu günki günde alyp barýan hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň özenini düzýär. Bu Konsepsiýa halkara arenasynda ýurdumyzyň ornuny has-da berkitmegi, daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen dürli ugurlardaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmagyny ugur edinýär.
Eziz GAZAKOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler