Daşary ýurt dillerini öwrenmek – döwrüň talaby

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe batly gadamlar bilen barha öňe barýan  Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda durmuşyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, bilim-ylym ulgamynda hem dünýä nusgalyk işler amala aşyrylýar. Watansöýüji, halal, intellektual derejesi ösen, bäsleşige ukyply, daşary ýurt dillerini kämil bilýän hünärmenler bu günki gün ýurdumyzyň bagtyýar geljeginiň kepili bolup durýar. Ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha berkeýän, halkara hyzmatdaşlygynyň giň gerime eýe bolýan döwründe has-da uly ähmiýete eýe bolýar. Ol diňe birek-birek bilen düşünişmek, aragatnaşyk serişdesi bolmak hyzmatyny amal etmän, eýsem depginli ösüş gazanmagyň hem möhüm ugruna öwrülýär.

Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň başlangyç hünär, orta hünär, ýokary hünär bilimi edaralarynda täze hünär ugurlary boýunça daşary ýurt dillerini suwara bilýän hünärmenleri taýýarlamaklyk işlerini ýola goýmaklyk babatdaky başlangyçlaryny Arkadagly Serdarymyz «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulýan  ýurdumyzyň milli ösüş strategiýasyna laýyklykda mynasyp dowam etdirýär.

Dil öwrenmek adam üçin täze bir dünýäni, täze gapyny açýar. Aragatnaşygyň möhüm serişdesi bolan dil häzirki wagtda diňe aragatnaşyk hyzmatyny ýerine ýetirmän, eýsem, bütin dünýäde bilim ulgamynda hünärmenleriň arasynda ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm açara öwrüldi. Daşary ýurt dili dersi ýaşlaryň bilimlerine, umumy dünýägaraýşyna, pikirlenişiň ösüşine we giňelmegine mynasyp goşant goşýar. Daşary ýurt dillerini özleşdirmek döwri talyplara akyl ýetiriş işjeňligini, netije çykarmak we umumylaşdyrmak başarnygyny görkezmäge mümkinçilik berýär. Daşary ýurt dilini öwrenmeklik şahsyýetiň kemala gelmegine, ýaş nesliň watançylyk, dostluk we ululara hormat goýmak ruhunda terbiýelenmegine şert döredýär.

Goý, ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­riň dün­ýä de­re­je­sin­de kä­mil bi­lim al­ma­gy ug­run­da döw­let äh­mi­ýet­li iş­le­ri alyp bar­ýan Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li be­ýik iş­le­ri ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Maýa GELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok