«Okaýan il ozar…»

Günsaýyn ösýän, özgerýän ýurdumyzda ýaş nesilleriň giň dünýägaraýyşly, sanly ulgamdan baş çykarýan we daşary ýurt dillerini bilýän, sagdyn bedenli, milli ruhly terbiýeläp ýetişdirmäge ähli mümkinçilikler bar. Häzirki wagtda ýaşlar syýasaty döwletimiziň ileri tutulýan syýasy ugurlarynyň biridir. Ösüp gelýän ýaş nesli milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek ata Watanymyzyň esasy aladalarynyň biri bolup durýar. Bilim ulgamy jemgyýetimiziň we döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin esasy binýatlarynyň biridir.

Ýaşlara aýratyn üns bermek, olar barada yzygiderli alada etmek asyrlaryň dowamynda halkymyzyň mizemez ýörelgesidir. Ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgelere aýratyn ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň ylymly-bilimli, sanly ulgamdan, daşary ýurt dillerinden doly baş çykarmaklary üçin ägirt uly işleri amala aşyrýarlar.

Häzirki wagtda okuw maksatnamalaryndaky ähli dersler bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini öwretmeklige hem aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň azyndan 3 dil bilmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Welaýatlarda we Aşgabat şäherinde ýöriteleşdirilen hem-de daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän orta mekdeplerde rus, iňlis dillerinden başga-da, fransuz, italýan, nemes, hytaý, ýapon, arap, pars dilleri kämil derejede öwredilýär. Şeýle ähli amatlyklary bolan umumybilim berýän orta mekdeplerde biz talyp ýaşlaryň mugallymçylyk tejribeligini geçmegi bolsa örän guwandyryjy we buýsandyryjy wakadyr. Elbetde, biz mugallymçylyk tejribeligini geçmek bilen söz baýlygymyz artdyrýarys, sözlemek endiklerimizi ösdürýäris. Bu bolsa öwrenilýän dili kämil bilmegiň esasy ugry bolup durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä dillerini öwrenmäge we ýaşlara öwretmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Ylym-bilimi ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Nyýaz ATAMEDOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok