Hoşniýetli Bitaraplyk we parahatçylyk ýörelgeleri

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşi, jemgyýetdäki agzybirlik we parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlar bu günki günde taryhy çözgütleriň halkyň ykbalyna edýän kesgitli täsirlerinden habar berýär. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty hemişe parahatçylyga hem hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ymtylýan türkmen halkynyň milli däpleriniň döwrebap ýüze çykmasy boldy. Parahatçylyk ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, agzybirlige sarpa goýmak, birek-birege ýardam bermek biziň döwletli ýörelgelerimizden gözbaş alýar. «Agzybir syrgynyň tamdyry bir», «Agzybire Taňry biýr, agzalany gaňrybiýr» ýaly nakyllarymyz hem türkmen halkynyň hemişe agzybir, birek-birek bilen oňşukly, sylaşykly ýaşamalydygy hakyndaky düşünjäni gursagynda göterip gelendigine şaýatlyk edýär.

Türkmenistan Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, baş maksady dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek bolan BMG-niň başlangyçlaryna işjeň goşulyşýar. Goňşy döwlet bolan Owganystana berýän yzygiderli ynsanperwerlik kömekleri halkymyzyň goňşy we beýleki döwletler bilen has-da ysnyşykly gatnaşykda bolmagyny kepillendirdi. Halkara hyzmatdaşlygyň düýbünden täze nusgasyny kemala getirmek bilen, XXI asyrda häzirki zaman dünýäsiniň möhüm meselelerine täzeçe çemeleşmek ýörelgesini ugur edinen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, tutuş sebitiň, şeýle hem dünýä döwletleriniň durnukly ösüşine gönükdirilendir. Parahatçylyk we durnuklylyk ýagdaýynda döwletiň öz ykdysady ösüşini üpjün etmek mümkinçiliginiň ýokary bolýandygyny bu günki gün Türkmenistanyň tejribesi bütin dünýä äşgär edýär.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli we köpugurly hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen diplomatik işjeňligini hem-de halkara gatnaşyklar ulgamyndaky abraýyny alamatlandyrýar. Türkmenistanyň daşary syýasatynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanmagy ýurdumyzyň ähli döwletler, halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygynda, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga mümkinçilik döredýär. Ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşi, halkymyzyň agzybirligi daşary syýasatyň maksadaokgunly we netijeli bolmagyna şert döredýär.

Farhat DUSNIÝAZOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok