Elli administratiw zolagyň ýatyrylmagy teklip edildi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde 50 sany administratiw zolagyp ýagny, 6 sany etraby, 5 sany etrap hukukly şäheri, 1 sany şäherdäki etraby, 2 şäherçäni, 36 sany geňeşligi ýatyrmak teklip edildi.

22-nji oktýabrdaTürkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Maslahatda Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň döwlet dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň  dolandyryş-çäk birlikleri meselesine gaýtadan seretdi. Maslahatda welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri durmuşa geçirmegiň wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmagyň anyk ugurlary kesgitlenildi.

Maslahata Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, welaýat häkimleri, käbir ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekilleriniň, welaýat häkimleriniň, käbir ministrleriň çykyşlary we teklipleri diňlenildi. Şeýlelikde ýurt boýunça dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň çäklerinde iri dolandyryş-çäk birliklerini döretmek maksady bilen, 6 sany etraby, 5 sany etrap hukukly şäheri, 1 sany şäherdäki etraby, 2 şäherçäni, 36 sany geňeşligi ýatyrmak teklip edildi. Mundan başga-da Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda ýurduň ilatynyň köpelýändigini, şäherlederejesiniň ösýändigi, senagat kärhanalaryny we zolaklaryny ösdürmegiň maksat edilýändigi barada aýdanlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, 36 sany obanyň golaýynda ýerleşýän ilatly ýerlerde birigendigini göz öňünde tutup, olary birleşdirmek, 6 sany oba şäherçe derejesini bermek, welaýatlarda ýörite ýer gaznasynyň çäginde raýatlara jaý gurmak üçin berlen mellek ýerlerinde dörän 5 sany ilatly ýerlere oba derejesini berip, 5 sany obany döretmek, käbir dolandyryş-çäk birlikleriniň atlaryny üýtgedip, olara degişli tekliplere we döwrüň ruhuna kybap gelýän täze atlary goýmak teklip edilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok