Kinofilmlerden pursatlary beýan edýän, milli däp-dessurlarymyzy, medeniýetimizi wagyz edýän, türkmen edebiýatynda öçmejek yz goýan şahyrlaryň ajaýyp şygyrlaryny, her sözi çuň mana eýe bolan sözlerden wideorolikleri taýýarlamak boýunça ýaşlaryň arasynda geçiriljek «Ýaşlar gözlegde» atly bäsleşigiň
DÜZGÜNNAMASY
1.Bäsleşigiň maksady
Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda, şu ýylyň 9-njy sentýabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de milli mirasymyzy, gymmatlyklarymyzy ýaşlaryň arasynda ýaýmak hem-de olary el işlerine, senetçilige höweslendirmek, milli däp-dessurlarymyzy ýaýbaňlandyrýan oýunlarymyzy ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek, türkmen edebiýatynda öçmejek yz goýan şahyrlaryň ajaýyp şygyrlaryny, her sözi çuň mana eýe bolan sözlerden wideorolikleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy, Daşoguz welaýat Medeniýet müdirligi bilen bilelikde «Ýaşlar gözlegde» atly bäsleşigi yglan edýär.
2.Bäsleşigiň şertleri
Bäsleşige 16 — 35 ýaş aralygyndaky ýaşlar gatnaşyp, olaryň hödürlän wideorolikleriniň manysy baý, hil taýdan ýokary, sesi we görnüşi dury hem-de arassa bolmaly. Ýaşlar bäsleşige şu ugurlar boýunça wideoroliklerini hödürläp bilerler.
1.Milli-medeni mirasymyzy wagyz etmek. (dutar ýasamak, haly dokamak, keşdeçilik we beýlekiler) (wagty 1 minut)
2.Kinofilmleriň gyzykly, täsirli pursatlaryndan wideorolikleri taýýarlamak. (wagty 1 minut)
3.Türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň goşgularyny okamak. (wagty 1 minut)
4.Manyly sözleri okamak, şekilleri görnüşler bilen janlandyrmak (wagty 1 minut)
3.Bäsleşigi geçirmegiň tertibi
Bäsleşik welaýat derejesinde bir tapgyrda geçiriler. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler taýýarlan wideoroliklerini şahsy maglumatlary, pasport nusgalary bilen bir bukjada jemläp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşine hödürläp bilerler. Bäsleşik her aýda iki gezek jemlener. Şonuň üçin ýaşlar yzygiderli bäsleşige gatnaşyp bilerler. Bäsleşigiň 1-nji tapgyry 2022-nji ýylyň oktýabr aýynyň 1 — 5-i, 2-nji tapgyry oktýabr aýynyň 15 — 20-si, 3-nji tapgyry noýabr aýynyň 1 — 5-i, 4-nji tapgyry noýabr aýynyň 15 — 20-si, 5-nji tapgyry dekabr aýynyň 1 — 5-i aralygynda jemlener.
Bäsleşigi guramaçylykly geçirmek maksady bilen, bäsleşigi yglan eden edaralar, guramalar tarapyndan degişli hünärmenleriň gatnaşmaklarynda guramaçylyk we eminler toparlary döredilýär. Eminler bäsleşigiň şertlerine, wagtyna, manysyna, çeperçiligine, hiline laýyklykda işleri (wideorolikleri) seljerýärler. Her ugur boýunça ýeňijiler kesgitlener. Bäsleşige gatnaşýanlar ähli ugurlar boýunça wideoroliklerini hödürläp bilerler. Eminler toparynyň gelen netijesi gutarnyklydyr.
4.Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak
«Ýaşlar gözlegde» atly bäsleşigiň ýeňijileriniň wideorolikleri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşine ugradylar we ýörite topar tarapyndan saýlanan ýagdaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň web saýtyna ýerleşdiriler. Şeýle hem ýeňijiler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň, Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň Hormat hatlary we sowgatlary bilen sylaglanar.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 9-33-87.
Teswirler