Şu gün Belarus Respublikasyna adaty gatnawlar başlaýar

Şu günden başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasy her hepdäniň şenbe güni «Aşgabat – Minsk – Türkmenabat» ugry boýunça adaty gatnawlary ýerine ýetirip başlar. Şeýle hem Belarussiýanyň «Belawia» awiakompaniýasy hem «Minsk – Türkmenbaşy – Minsk» ugry boýunça uçar gatnawlaryny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Uçuşlar paýtagtymyz Aşgabatdan Minskä sagat 10:35-de uçup, 15:35-de gonar. Minskden Türkmenabada bolsa 17:35-de uçup, 22:35-de gonar.

Belläp geçsek, häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa (RF), Kazana (Tatarstan, RF), Maýn boýundaky Frankfurta (Germaniýa) we Dubaýa (BAE) yzygiderli gatnawlary hem amala aşyrýar.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok