30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesinde, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň, Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň jemlerine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi.
Çärä jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de paýtagtymyzda ýerleşýän orta mekdepleriň mugallymlary we okuwçylary, bilim işgärleri gatnaşdylar. Dabaraly çäräniň dowamynda mekdep okuwçylary we mugallymlar Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň taryhy muzeýi we bu muzeýdäki eksponatlar, şeýle hem Çagalar awtoşäherçesiniň döwrebap enjamlaşdyrylan okuw otaglary bilen tanyşdyryldy, awtoşäherçäniň ýörite meýdançasyna gezelençler guraldy şeýle-de çagalara ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan wideofilmler görkezildi.
Biraýlygyň jemlerine laýyklykda, ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanyp geçirilen çärelere has işjeň gatnaşan çagalara Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň taýýarlan ýadygärlik sowgatlary we Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Teswirler