Ýurdumyzda köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Awtoulaglaryň dürli görnüşleri hereket edýän döwrebap ýollarymyzda howpsuzlygy üpjün etmek babatda ynsanlaryň janyny, saglygyny, emlägini hem-de daşky gurşawy gorap saklamak üçin döwletimizde ýörite kanunlar hereket edýär. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek babatynda Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürip, bu babatda birnäçe Konwensiýalara hem goşuldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel Diýarymyzyň çar künjeginde aýna ýaly döwrebap ýollar eşretli durmuşymyzy has-da gözelleşdirýär. Bu ýollar halkara ülňülere laýyk getirilýär hem-de barha giňeldilýär, awtoulaglara edilýän hyzmatlar ýokarlandyrylýar. Diýarymyzyň ähli künjeginde döwrebap ýollar gurlup ulanylmaga berilýär. Ulag serişdeleriniň sanynyň barha artmagy bolsa ýol hereketiniň gözegçilikde saklanmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýol hereketiniň düzgünleriniň doly berjaý edilmegi ugrunda ýurdumyzyň ähli ýerinde möhüm işler alnyp barylýar. Şu ýylyň maý aýynda ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleriňdir goşmaçalaryň girizilendigini hem bellemek gerek. Bu hem ýurdumyzda ýol hereketiniň düzgünleriniň berk berjaý edilmegini ýola goýmakda aýratyn ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzda ýol hereketini dogry berjaý etmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli bu çäre ýol-ulag hadysalarynyň öňüni alyp, il-günümiziň eşretli durmuşyna gönükdirilendir.
Azym ÖWEZOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.
Teswirler