Pakistanda suw alma sebäpli heläkçilik çekenler üçin Aşgabatda serişde ýygnalar

Pakistanda dowamly ýagan Musson ýagyşlary sebäpli suw joşmasy döredi. Suw joşmasy birnäçe sebitde weýrançylykly hadysalaryň bolmagyna getirdi.  Has dogrusy, bu pajygaly tebigy hadysa 30 milliondan gowrak adama erbet täsirini ýetirdi.

Şol sebäpli, Aşgabadyň zenanlar topary, paýtagtymyzyň Halkara mekdebi hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri biperwaý bolmadyklaryň hemmesini “Pakistany goldalyň. Suw alma” diýen haýyr-sahawat çäresine gatnaşmaga çagyrýarlar.

Haýyr-sahawat çäresi ýagny Gazna üçin serişdeleriň ýygnalmagy ýekşenbe güni, 25-nji sentýabrda, «Aşgabat şäheri, Berzeňňi, Ata Türk köçesi» salgysynda 12:00-dan 17:00-a çenli geçiriler. Ýygnalan serişdeler suw almanyň ýetiren zyýanlaryny aradan aýyrmak üçin pakistan halkyna kömege ugradylar. 

Çärä gatnaşjak myhmanlara pakistan tagamlary, aýdym-sazlar we dynç alyş çäreleri garaşýar. Girmek üçin tölegiň bahasy 10 manat.

Belläp geçsek, ýurdumyz ilkinjileriň hatarynda Pakistana ynsanperwer kömek hökmünde lukmançylyk enjamlaryny, derman serişdelerini, azyk önümlerini, içimlik suwlary, egin-eşikleri, dokma önümlerini, ýyly geýim-gejimleri hem-de ençeme beýleki önümleri ugratdy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok