Aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi

Türkmen oba hojalyk institutynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giňden we dabaraly bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli «Watan diňe halky bilen Watandyr – Döwlet diňe halky bilen döwletdir» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Türkmen oba hojalyk institutynyň dabaralar meýdançasynda şatlyk-şowhuna beslenip geçirilen aýdym-sazly çäresi ýokary okuw mekdebiniň bagtyýar talyplarynyň taýýarlan edebi-sazly çykyşy bilen başlandy. Toý lybasyna beslenen institutyň dabaralar meýdançasynda Medeniýet merkeziniň aýdymçylary çykyş edip, özleriniň hoş owazlary bilen dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy. Olarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda eziz Watanymyzyň bedew batly ösüş-özgerişler, şowly üstünlikler giňişleýin beýan edildi.

Baýramçylyk çäresinde bagtyýar döwrümizde Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan tutumly işleriniň, halkymyzyň ýokary derejede, şowhunly toýlaýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk şanly baýramyň waspyny belentden ýetirýän tanslar baýramçylyk dabarasyna gatnaşýan professor-mugallymlaryňdyr, talyp ýaşlaryň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Döwlet baýdagymyzyň saýasynda ylym-bilim alýan ýaşlar, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza talyp ýaşlaryň ýokary medeniýetli, ruhubelent, watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Serdar MUMINOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok