Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin alyp barýan beýik tutumly işleri halkyň hoşallygyna mynasyp bolýar. Her ýylyň sentýabr aýynda ýokary guramaçylykly geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäre hem halkymyzyň parahat durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen ajaýyp işleriň biridir.
Biz hem Mary welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Garagum etrabynyň polisiýa bölüminiň agzybir işgärleri bolup, bu çäräni abraý bilen jemlemek we öz öňümizde goýlan tabşyryklara abraý bilen hötde gelmek üçin güýçlendirilen tertipde birnäçe işleri alyp barýarys. Beýleki jemgyýetçilik edara-kärhanalarynyň, saglyk, bilim, sport pudaklarynyň işgärleri bilen birlikde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygy» atly ýörite düzülen meýilnama esasynda birnäçe etrabyň çäginde wagyz-nesihat çärelerini geçirýäris. Bu geçirilýän çäreler raýatlarymyzyň we esasanam ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň howpsuz ýaşaýşyny, sagdyn jemgyýetimiziň parahat durmuşda ýaşamagyny gazanmakda özüniň uly täsirini ýetirýär. Geçirilýän wagyz-nesihat işlerimiziň başy arassaçylyk we şahsy gigiýenanyň talaplaryny berjaý etmelerini ündemek bilen başlanyp, soňra hem raýatlarymyzyň hökmany bilmeli we berjaý etmeli ýol hereket kadalary barada dowam edilýär. Şeýle wagyz-nesihatlaryň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ak ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça örän möhüm wezipeleri kesgitleýändigini nygtalyp, bu babatda ilkinji nobatdaky edilmeli işler barada düşündiriş işleri geçirilýär. Mundan başga-da bu çäreleriň dowamynda saglygy gorap saklamak, raýatlarymyzyň aýratynam ýaşlaryň zyýanly endiklerden daşda bolmaklaryny, okuwdan boş wagtlaryny sport, döredijilik we aýdym-saz bilen meşgullanmaklary dogrusynda täsirli çykyşlar edilýär.
Biz hem geljekde Hormatly Prezidentimiziň biziň öňümizde goýýan talaplaryna jogap edip, mähriban halkymyzyň parahat durmuşda ýaşamagyny gazanmakda, ak ýürekden halal zähmet çekeris. Watanymyzy ösüşleriň ak ýolundan ynamly öňe alyp barýan Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag bolsun, ömri uzak bolsun, alyp barýan belent maksatly işleri hemişe üstünliklere beslensin!
Gadam ÝAGMYROW,
Mary welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň
Garagum etrabynyň polisiýa bölüminiň
jenaýat agtaryş bölümçesiniň uly gözegçisi,
polisiýanyň kapitany.
Teswirler