Garaşsyzlyk – baky bagtyň gözbaşy

Her ýyl däp bolşy ýaly bu ýyl hem Ata Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň baýramyny uludan tutýar. Indi 31 ýylyň içidir türkmen topragynda garaşsyzlyk taglymaty ýaşaýar, işleýär, döredýär, özgerdýär. Taryh üçin şeýle gysga wagtyň içinde türkmen halkynyň ykbaly göterilip, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň beýik paýhasyna beslenen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asyrlara barabar işler durmuşa geçirildi we geçirilýär.

Garaşsyzlyk döwlet berkararlygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň, gadymy topragymyzyň täze gülläp-ösüşleriniň mizemez binýadydyr. Özüni Garaşsyz döwlet diýip jar eden gününden başlap, Türkmenistan özbaşdak döwlet hökmünde dünýä ösüşine sazlaşykly goşuldy, BMG-niň agzalygyna kabul edildi. Gazanylan üstünlikleriň ähmiýeti boýunça asyrlara barabar bolan bu döwürde ýurdumyz öz baýlyklaryny rejeli peýdalanmak bilen, okgunly ösýän ýurt hökmünde tanaldy.

Hormatly Prezidentimiziň döwlet Baştutany wezipesine girişmek dabarasyndaky: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen jümleleri jemgyýetde uly seslenme döredip, ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň düýp özenini şöhlelendirdi. Halkymyz eziz Watany beýgeltmek, kuwwatlandyrmak, abraýyna abraý goşmak ugrunda çalyşýar, döwletimiz tarapyndan halkyň bagtyýar durmuşy üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Eziz Watanymyz, mähriban halkymyz, külli adamzat üçin ägirt uly işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin! Goý, ata Watanymyzda hemişe Garaşsyzlygyň eçilen bagty ebedi eşrete, ýaşaýyş hözirine ulaşsyn!

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok