“FIRST Global Challenge” barada pikir alyşma geçirildi

Şwesariýanyň Ženewa şäherinde 2022-nji ýylyň 13-16-njy oktýabrynda geçiriljek “2022 FIRST Global Challenge” tehnologiýa şüweleňini halk köpçüligine tanatmak, ekologiýa medeniýeti barada pikir alyşmak maksady bilen OguzRobot topary jemgyýetiň dürli pudaklarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirýär.

Şeýle duşuşyklaryň biri OguzRobot toparynyň agzasy Jelaleddin Gylyçmuhammedow bilen birnäçe guramalaryň agzasy, jemgyýet wagyzçysy Merdan Ataýew arasynda geçdi.

Onlaýn duşuşykda Jelaleddin myhmandan tehnologiýany “ýaşyl endikleri” gazanmak üçin ulanmak barada nähili işler alyp barmalydygy barada pikirlerini sorady.  Merdan Ataýew: “Ekologiýa medeniýeti, ýaşyl ykdysadyýeti tehnologiýanyň kömegi bilen elbetde ösdürip bolar. Emma hemme zatdan öňürti daşky gurşawy we tebigaty goramagy ähmiýeti bilen baglanşykly biperwalygy, sowatsyzlygy aýyrmaly. Sowatlylygy esasan bolsa ýaşlarda, mekdep okuwçylarynyň aň-düşünjesinde gazanmak has täsirli bolýar. Şonuň üçin mekdeplerde tehnologiýanyň ýaşyl ykdysadyýetiň ösüşine gönükdirilmegi bilen baglanşykly meýilnamalary ýygy-ýygydan geçirilmeli,” diýdi.

Merdan Ataýew,Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzasy, jemgyýet wagyzçysy. Biznes, tehnologiýa, jemgyýet, ykdysadyýet, ýaşlar, sport, döredijilik, sanly ulgam, ekologiýa ýaly temalarda dürli çäreleriň, duşuşyklaryň guramaçylygyna işjeň gatnaşýar.

Jelaleddin Gylyçmuhammedow – Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Jelaleddin Gylyçmuhammedow, OguzRobot gurnagynyň işjeň agzasy.

Ýaşlykdan robototehnika sapaklary alýar. Onuň bilen bir hatarda 3D modelýirlemegi hem öwrenýär.

Ýasan taslamalary – “Paýtagt 140”, ýagny kiçi ýaşly çagalar üçin daşary ýurt dillerini öwredýän robot. “Elektronik Braille Harplygy”, ýagny, gözi görmeýän çagalar üçin Braille harplygyny öwrediji enjam.

Alan ýerleri – Türkmenistanyň Taslama Olimpiadasy 2-nji orun, WISPO2021 Altyn medal we aýratyn orun, UNIPO2022 Bürünç medal.

Häzirki wagtda OguzRobot toparynyň beýleki agzalary bolan, Öwezow Pirguly, Nazarow Nurmämmet, Polatow Arslan we Baýramow Polat bilen bilelikde halkara robot ýaryşy bolan FIRST Global Challenge-e taýýarlanýar. Ýaryş Şwesariýa, Ženewada geçiriler. Topardaky wezipesi Social Media Marketing Manager. Ýurtlar bilen gatnaşyklara jogapkär. Sosýal platformalaryň jogapkäri.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok