Golaýda Mary welaýat zenanlar bölüminiň meýilnamasy esasynda «Buýsanç bilen Watanymyzyň belent ösüşlerine tarap!» ady bilen Baýramaly şäher, Murgap, Ýolöten, Tagtabazar, Serhetabat etrap zenanlar bölümleriniň guramagynda wagyz-nesihat çäreleri geçirildi.
Geçirilen wagyz-nesihat çärelerine şäher-etrap zenanlar bölümleriniň başlyklary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, dürli ulgamlarda zähmet çekýän ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklary, TZB-niň işjeň agzalarydyr ýüzleri nurana mährem eneler gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda degişli etraplaryň häkimleriniň orunbasarlary, etrap zenanlar bölümleriniň başlyklary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary we ak gyňaçly mährem eneler çykyş edip, zenan edebi, ahlak terbiýesi, maşgala mukaddesligi, milli däp-dessurlarymyz, barada täsirli çykyşlary etdiler.
Teswirler