Şem barada gyzykly maglumatlar

Şem –  pagtadan ýasalan ýüpjagazyň üstüne suwuk parafiniň guýulmagy arkaly taýýarlanylýan ýagtylyk çeşmesidir.

Şemler adatça, öýlerde yşyklandyryş we owadanlyk üçin ulanylýar. Şemleriň häzirki wagtda dürli reňkli we ysly görnüşleri bardyr.  Şemler müňlerçe ýyl ozal däp-dessurlarda we sadakalarda ulanylyp başlanypdyr.

Şemleriň 5 müň ýyllyk taryhy bar. Ony Orta asyrlarda ilkinji bolup Müsürliler oýlap tapypdyr. Şol döwürde adamlaryň durmuşynda möhüm orny eýeläpdir. Birnäçe ýyllaryň geçmegi bilen şemleri ýasamakda täze-täze usullar ýüze çykypdyr. 1292-nji ýylda Parižde şemiň 71-den gowrak görnüşi öndürilipdir.

Elektrik togy oýlanyp tapylmazyndan ozal, şemler aň-bilim bermek üçin iň möhüm serişde bolupdyr. Şemler şol wagtlar esasan, öýlerde, naharhanalarda, şalaryň köşgünde, dini däp-dessurlarda giňden ulanylypdyr.

Häzirki wagtda ulanylýan dürli görnüşli şemler 1834-nji ýylda Jozef Morgan tarapyndan öndürilipdir.

Eziz ŞIRMEDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutunyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok