“Çalsana, bagşy!” – 2022 bäsleşiginiň ýeňijileri

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilen “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna (18 — 35 ýaş aralygyndaky ýaşlaryň) Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan bagşylaryň 12-si we şonça-da sazanda gatnaşdy.

Üstünlikli çykyş edip ýeňiji bolan aşakdaky raýatlar, Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy:

  • “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar” müdirliginiň Medeni-işewürlik merkeziniň “Galkynyş” folklor toparynyň 1-nji derejeli artisti Owazgeldi Pälwanow;
  • Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Türkmen sazy kafedrasynyň mugallymy Murad Dowletowiç Aşirow;
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Jemagat-hojalyk kärhanasynyň “Laçyn” tans-saz folklor toparynyň 1-nji derejeli artist-wokalisti Öwezgeldi Orazgeldiýewiç Amanow;
  • Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Döwlet Annageldiýewiç Daňatarow;
  • Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Hojaguly Öwezgylyjowiç Hojagulyýew;
  • Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Amangeldi Döwletgeldi ogly Durdyýew;
  • Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Täzegül Jumanýaz gyzy Atajanowa;
  • Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Mekan Jumaýewiç Jumageldiýew;
  • Lebap welaýatynyň Halaç etrap medeniýet bölüminiň çeper höwesjeňi Haýytmyrat Jumageldiýewiç Illiýew;
  • Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Gurban Çaryýewiç Çaryýew;
  • Mary welaýat medeniýet müdirliginiň Oguzhan etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Omor Garmämmedowiç Şiriýew;
  • Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Ogulnabat Annamämmedowna Berdiýewa.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok