Tarkan sahna çykdy, konsert meýdançasynda ýer bolmady

Türkiýäniň İzmir şäherinde, duşman basyp alyşyndan azat edilmeginiň 100-nji ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi. Konsertde meşhur ýyldyz aýdymçy Tarkan çykyş etdi.

İzmir şäheriniň Gündogdy meýdanynda Tarkanyň konsertini synlamak üçin 100 müňden gowrak adam ýygnandy. Ýer tapylmadyklar bolsa konserti onlaýn ýagdaýda synlamaly boldy. Megastar Tarkan ýerli wagt bilen 22:00-da «Yolla» atly aýdymy bilen sahna çykdy.

Konsertden öňürti bolsa gatnaşyjylar 350 metrlik Türk baýdagyny tutup, «Alsancak Vapur» binasyndan Gündogdy meýdanyna çenli ýöriş etdiler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok