Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda halypa-şägirtlik ýörelgesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen şekillendiriş sungatynyň ösmegine, halypa-şägirt ýörelgesiniň dowam etmegine uly üns berilýär. Ençeme şägirtleri ýetişdiren ussat halypa Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewdir.

2022-nji ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda halypa-şägirtlik ýörelgesi” atly sergisi açylyp, onda ussat heýkeltaraş Saragt Babaýewiň we onuň şägirtleriniň nakgaşlyk, heýkeltaraşlyk, grafika, keramika, gobelen, zergärçilik işleri görkezilýär. Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Hormatly il ýaşulusy Babasary Annamyradow, Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýew, Türkmenistanyň halk suratkeşi Gylyçmyrat Ýarmämmedow, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Azat Annaýew çykyş etdiler. Halypanyň göreldesi şu günki gün we geljekde hem ýaş suratkeşlere nusga bolup hyzmat eder. Çünki halypanyň şägirtleri Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we onuň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň uçurymlary we talyp ýaşlary bolup, mugallymyň beren ündewlerini, maslahatlaryny we nesihatlaryny indiki nesillere geçirerler. Olar Türkmenistanyň dürli künjeklerinde zähmet çekip, ýaşlara bilim-terbiýe bermekde, türkmen sungatyny dünýä ýaýmakda özüniň mynasyp goşandyny goşýarlar.

Türkmenistanyň halk suratkeşi, heýkeltaraş, halypa mugallym Saragt Babaýew 1948-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Ýarygökje obasynda eneden bolýar. Orta bilimi Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Ýarygökje obasyndaky 2-nji orta mekdebinde alýar. Onuň sungata bolan höwesi mekdep ýyllarynda, ýagny 3–4-nji synpda okaýan wagtlary döreýär. S. Babaýewiň agasynyň we daýysynyň çeken suratlary, onuň sungat älemine ädim ätmegine sebäp bolýar. Ol kinofilmlerde gören baş gahrymanlarynyň keşbini ak matanyň ýüzüne çekip başlaýar. “Biziň obamyzda Gatyakar diýen bir çeşme bardy. Oglanlar bilen şol çeşmäniň ýanyna baranymyzda, olar suwa düşseler, men suwuň gyrasynda palçykdan heýkeljikler ýasardym” diýip, söhbetdeşlikde halypa özüniň heýkeltaraşlyk sungatyndaky ilkinji ädimlerini ýatlady.

Ol 1970-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebine (öňki Şota Rustaweli adyndaky Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesine) okuwa girýär. Okan döwründe talyp deň-duşlaryndan tapawutlanmak üçin irginsiz zähmet çekýär. Ol esasy okuwyndan daşary özüne gijeki iş tertibini düzüp, gije-gündiz işleýär, hatda öýe gaýtmak üçin duralgada duran wagty hem deslapky işleri edýär. Oňa 4-nji ýyl talyp wagty Moskwa ýollanma berilýär we talyp deň-duşlarynyň arasyndan saýlanyp, özüniň zähmeti bilen Moskwanyň W. I. Surikow adyndaky Döwlet çeperçilik institutyna okuwa kabul edilýär. S. Babaýew: “Men özümiň ýeten üstünligime örän begendim, emma hiç haçan gowşamadym, tersine, ýokary derejeli heýkeltaraşlar bilen deňleşmeli diýen pikir bilen has-da köp işledim” diýip gürrüň berýär. Institutda 1974–1980-nji ýyllar aralygynda M. F. Baburiniň halypaçylygynda okaýar. Ol talyplyk ýyllarynda hem birnäçe sergilere gatnaşýar. Okuwyny tamamlanyndan soňra S. Babaýewi Türkmenistanyň Çeperçilik fonduna işe iberýärler. Ilkibaşda mugallymçylyk kärinden çekinse-de, özüne 4 ýyl halypaçylyk eden, ony heýkeltaraşlyk sungatyna gönükdiren Baýram Atdaýew bilen ussahanada bolan gysga söhbetdeşliginde onuň: “Senem-ä biri okadypdy…” diýen sözi oňa güýçli täsir edip, S. Babaýew 1990-njy ýyldan başlap, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy bolup işe başlaýar. Ol özüniň halypa mugallymlaryndan öwrenenlerini ýaş talyplara yhlas bilen öwredip, diňe bilim bermek bilen çäklenmän, eýsem, olara özüniň maşgala agzalary ýaly garaýar. 2019–2021-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy bolup işleýär. Häzirki wagtda bolsa erkin döredijilik işinden daşary Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy bolup heýkeltaraşlyk kafedrasynyň talyplaryna bilim berýär.

Halypa mugallym S. Babaýew 42 ýyldan bäri mugallymçylyk kärini dowam etdirip gelýär. Ussat heýkeltaraşyň döreden eserleri paýtagtymyzyň hem-de Türkmenistanyň beýleki şäherleriniň seýilgählerini bezeýär. Sergide halypanyň  “Küýzegär gyz”, “Maşgala arzuwy” atly heýkelleri türkmen milli keşpleriň ruhy dünýäsini hakykylyk bilen ýüze çykarýar.

Ussat heýkeltaraş döredijilikli zähmet çekýär, ol bir işe başlasa, şol eseriniň soňky ýagdaýyny görmek üçin howlugýar. Eger-de ýadasa, ol işini goýup, başga bir işe geçýär, emma wagtyny boş geçirmeýär. Ol: “Eger-de zähmet çekseň, ylhamy işiň özi berýär. Eliň aşagyndaky oýnaýan palçygyň seni gowy diňlese, şonda ylhamyň has-da joşýar. Ony diňletmek üçin hem gaty kän zähmet çekmeli. Mydama eliň palçykda ýa-da plastilinde bolmaly. Men şol şertleri özümde etmek üçin jan edýärin, elmydama işläp gezýärin. Meniň pikirimçe, ideal zat – şägirt ýetişdirmek, sebäbi ol seniň ýoluňy dowam etdirýär. Şägirt ýetişdirmek – bu hem öz hünäriňi aşa söýmek, adamkärçilik häsiýetiňi ýitirmezlikdir. Okuwçylar meniň üçin ideal, sebäbi olar biziň gelejegimiz, eger-de biziň hünärimizi bizden soň dowam etdirmeseler, onda kär ýiter. Öz maksadyňa ýetmek üçin işlemek, ömrüňi şoňa siňdirmek, Watanyňa hyzmat etmek, bir maksada gulluk etmek, ine, şular durmuşdaky esasy ideallardyr. Meniň pikirimçe, okatmak usuly, mugallym okuwça öwredýän wagty özi öwrenip bilmeýän bolsa, onda ol mugallym däl diýip hasaplaýaryn. Öwretmek –  öwrenmek diýip hasaplaýaryn.

Magtymgulynyň heýkelini döretmek pikirini hormatly Arkadagymyz öňe sürdi we ony maňa ynandy. Biz bu iş üçin gaty kän azap çekdik, häzirki güne çenli biziň ýurdumyzda olar ýaly görnüşde uly göwrümli iş entek edilmedik. 60 metrlik heýkel örän uly eser. Gelejekde Watanymyzy ösdürmek üçin, näme gerek bolsa elimden gelenini ederin” diýip, sözüni jemledi.

Sergi ýaş we halypa türkmen suratkeşleriniň täze eserleri bilen tanyşmaga we häzirki zaman sungatynyň özboluşlylygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Çarymyrat Ýazmyradowyň, Berdimyrat Toýçyýewiň, Baýramdurdy Nuryýewiň, Gahryman we Gunça Goçmyradowlaryň, Begenç Berkeliýewiň, Ýazmyrat Rahmanowyň. Maksat Hudaýberdiýewiň, Şagylyç Ataýewiň, Gülälek Saryýewanyň, Täzegül Gurbanowanyň, Aýgözel Çakanowanyň, Göwher Akyýewanyň we başga-da birnäçe nakgaşlaryň taryhy, durmuşy, portret, natýurmort, peýzaž, animalistik žanrlaryna degişli bolan eserlerinde dürli çeperçilik akymlarynyň aýratynlyklary şöhlelenýär. Sergide görkezilen Gurbangeldi Gaýypberdiýewiň “Alty Garlyýew”, Maksatmyrat Hojainowyň “Görogly”, Amandurdy Jumaýewiň “Jelaletdin Rumy”, Maksat Bazarowyň “Berdi Kerbabaýew” atly heýkellerinde türkmeniň beýik şahsyýetleriniň keşbini beýan edýär. Grafika sungatynyň özboluşly çeper diliniň aýratynlygy Dilaram Hojainowanyň “Işiň başynda”, “Arakesmede”, Mahym Çerkezowanyň “Bagt”, Aksona Saparmedowanyň “Ýagyşdan soň”, Mylaýym Hudaýberdiýewanyň “Gyzym” ýaly işlerinde suratlandyrylýar. Amaly-haşam sungatynyň dürli görnüşleri boýunça döredilen eserlerden Gülbahar we Baýram Annnagulyýewleriň, Gülara Babaýewanyň, Käkilik Sytdyhowanyň keramikasy, Arzygül Köşiliýewanyň, Bahar Pirgulyýewanyň, Sähragül Peşşiýewanyň gobelenleri aýratyn tapawutlanyp, milli gymmatlyklarymyzy, zenan kalbynyň dünýäsini, tebigatymyzyň gözelliklerimizi wasp edýär. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Hoşgeldi Garajaýewiň fotosuratlarynda diňe bir Saragt Babaýewiň iş pursatlaryň täsin kadrlaryny şekillendirmän, eýsem, irginsiz zähmet çekýän halypanyň durmuşyna we döredijilik ýoluna ser salmaga ýardam berýär.

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda açylan sergi halypa-şägirtlik ýörelgesiniň dowam etmegine uly goşant goşýan ussat heýkeltaraş Saragt Babaýewiň ýetişdiren zehinli şägirtleri Garaşsyz Türkmenistanyň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň dürli görnüşleri boýunça önjeýli zähmet çekýändigini aýdyň görkezýär.

.

Jeren Baltaýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy,

Hallygözel Muhammedowa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
sungaty öwreniş kafedrasynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok