Ýaş sungaty öwrenijileriň diplom goragy

2022-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň sungaty öwreniş kafedrasynyň uçurumlarynyň diplom goragy geçirildi. Ýaş sungaty sungaty öwrenijileriň diplom işlerinde Gulnazar Begmyradow, Kakageldi Gurbangeldiýew, Nurmuhammet Ataýew, Allamyrat Muhammedow, Ýarly Baýramow, Aşyrmuhammet Kuliýew, Polat Garryýew ýaly tanymal türkmen suratkeşleriniň ömri we döredijilik ýoly barada beýan edilip, sungaty öwreniş ylmy nukdaýnazaryndan seljerme geçirilýär. Ogulbagt Muhammedowanyň diplom işinde türkmen häzirki zaman keramikasynda milli mirasymyzyň şöhlelendirilişi, zenan keşpleriniň orny, tebigatyň suratlandyrylmasy beýan edilse, onda Gülälek Nazarowanyň işinde bolsa şekilli keramikasyndaky ýordumlaryň tematikasy we göwrüm teswirlenilişi hakynda suratlandyrma we seljerme derňewi geçirilýär. Aýjahan Ýazwaliýewanyň “Türkmenistanyň heýkeltaraşlygynda döredijilik işgärleriniň portretleri” atly diplom işinde türkmen heýkeltaraşlaryň öz zamanasyna, çeper-estetiki däplere bolan filosofik garaýşy, taryhy faktlary görkezmekde, şeýle-de gözelligi beýan etmekde özboluşlylyga ýykgyn edýändikleri, şeýle hem geçmişde edebiýat, sungat, teatr we kino, aýdym-saz pudaklarynda uly yz galdyran beýik şahsyýetleriň keşbini monumental göwrümlerde ýerine ýetirmek ählitaraplaýyn terbiýeçilik ähmiýete eýedigini bellenilýär. Leýli Rejepowanyň “Türkmenistanyň çagalar edebiýatynyň çeper bezegi” atly diplom işinde 1960-njy ýyldan häzirki wagta çenli türkmen grafikaçylarynyň döredijiliginde çagalar edebiýatynyň tutýan orny kesgitlenilýär. Onda Garaşsyzlyk döwrüniň çagalar kitap grafikasynyň çeper bezegi özüniň milli häsiýetleri bilen tapawutlanyp, türkmen suratkeşleriniň her biri özboluşly çeper aýratynlyklaryny peýdalanypdyr we köp temalara ýüzlenendiklerini, olaryň grafika sungatynyň meselelerini täzeçe, has çuňňur çemeleşme bilen baglanyşykly gözlegleriň üstünde işläp, çagalaryň ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrýan, dünýägaraýşyny giňeldýän eserleri döredýändigi beýan edilýär.

Ýaş sungaty öwreniji Maýsa Annamämmedowa orta asyr binagärlik ýadygärlikleriniň bezegini dünýä ýurtlarynyň ýadygärlikleri bilen deňeşdirme seljermesi geçirilýän bolsa, onda Baýmyrat Jumaýew Aşgabat şäherinde ýerleşýän Olimpiýa şäherçesiniň çeper çözgüdi, binalaryň taslama gurluşyny, bezegleri we olaryň çeper aýratynlyklary, gurluş usullary seljerilýär. Aýna Abdyweliýewa, Gülşat Ylýasowa, Ogulsoltal Hallyýewa, Ogulşeker Mehtiýewa, Aýjeren Daňatarowa, Ýalkym Taganowa, Merdan Garlyýew, Gulmira Saburowa, nusgawy edebiýatymyzda, ylymda-bilimde aýratyn orun tutýan şahsyýetleriň keşbini, zenan suratkeşleriniň döredijiligini, gobelen sungatynyň ösüşini, nakgaşlyk we heýkeltaraşlyk sungatynda at çapyşyklarynyň şöhlelendirilişini, “goçak” nagşynyň ähmiýetini, muzeý ýygyndylarynyň çeperçilik gymmatyny ylmy taýdan seljerýärler. Uçurumlar muzeý we şahsy ýygyndylarynda saklanylýan eksponatlary, fotosuratlary we söhbetdeşlik arkaly toplan täze maglumatlary jemlemek bilen türkmen sungatynyň taryhyny öwrenmekde özüniň ylmy garaýyşlaryny beýän etdiler we özleriniň saýlap alan temalary boýunça gazet-žurnallarda, internet saýtlarda makalalar bilen çykyş edip, ylmy bäsleşiklere we maslahatlara gatnaşdylar.

Umuman, sungaty öwreniş kafedrasynyň uçurumlary türkmen şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň özboluşlylygyny ylmy taýdan seljerip, olara geljekde hem türkmen sungatyny wagyz etmekde yhlas bilen zähmet çekmegini arzuw edýäris.

.

Jeren Baltaýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok