OLIMPIAS’2022-da Oguzhan adyndaky TITU-nyň talyplary 10 sany baýrakly orna mynasyp boldy

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň gurnamagynda geçirilen talyplaryň arasynda Himiýa dersi boýunça onlaýn halkara internet olimpiadasynda (OLIMPIAS’2022) Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary oňat netijeleri görkezmegi başardylar.

Bäsleşige gatnaşan 243 gatnaşyjynyň arasynda bu uniwersitetiň talyplary 5 altyn we 5 kümüş medal gazandylar.

Himiýa dersi boýunça talyplaryň halkara internet olimpiadasynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplarynyň gazanan netijeleri:

  1. Kakamyradow Bagtyýar – I orun
  2. Abdyllaýewa Gülşat – I orun
  3. Annanepesowa Gültäç – I orun
  4. Rahmedow Söhbet – I orun
  5. Saparow Merdan – I orun
  6. Rozyýewa Merjen – II orun
  7. Nuryýew Serdar – II orun
  8. Geldimyradowa Akmaral – II orun
  9. Intizarow Ikram – II orun
  10. Amanowa Aýnur – II orun

“Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” kabul edildi. Bu konsepsiýanyň maksady ýurdumyzda orta we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagyň mazmunyny baýlaşdyrmak we usulyýetini döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak bolup durýar. Türkmenistanda geçirilýän halkara ders bäsleşikleri hem bu konsepsiýanyň durmuşa geçirilmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň hatarynda ýer alýar.

A.Altyýew
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar

uniwersitetiniň amaly himiýa kafedrasynyň müdiri 

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok