HNGU-nyň geçiren OLIMPIAS halkara onlaýn himiýa olimpiadasyna 13 döwletden 243 talyp gatnaşdy

2022-nji ýylyň 4-nji maýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň gurnamagynda talyplaryň arasynda Himiýa dersi boýunça onlaýn halkara internet olimpiadasynynyň netijeleri mälim boldy. Bu barada uniwersitetiň www.iogu.edu.tm resmi saýtynda habar berilýär.

Bu olimpiýada 13 döwletden 30 ýokary okuw mekdebinden jemi 243 talyp gatnaşdy. Olimpiada “moodle” platformasynda iki aýratyn kateogoriýada geçirildi. Awstriýa, Belarus, Hytaý, Angliýa, Wengriýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Malaýziýa, Koreýa, Rumyniýa, Russiýa, Täjigistan, Türkiýe, Türkmenistan, Özbegistan döwletleriniň talyplary gyzyklanma bildirdi.

Himiýa dersi bilen baglanşykly hünär alýan talyplaryň arasynda geçirilen A kategoriýada türkmenistanly ýaşlardan 6 altyn, 9 kümüş, 3 bürünç medala eýe boldular. Esasy hünäri himiýa dersi bilen baglanşykly bolmadyk B kategoriýasynda bolsa türkmen talyplary 10 altyn, 13 kümüş, 19 bürünç medal gazandylar.

Uniwersitetleriň arasynda toparlaýyn bäsleşikde bolsa A kategoriýada I orna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, II orna Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersiteti, III orna bolsa Oguzhan adyndaky Türkmenistanyň Inžener tehnologiýalar uniwersiteti mynasyp boldy.

B kategoriýadaky toparlaýyn bäsleşigiň jemi boýunça I orna Oguzhan adyndaky Türkmenistanyň Inžener tehnologiýalar uniwersiteti, II orna Myrat Garryýew adyndaky Türkmen Döwlet lukmançylyk uniwersiteti, III orna bolsa S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen Oba-hojalyk uniwersiteti eýe boldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok