Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyzdyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen halkynyň her bir güni toý-dabaralara beslenýär. Milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan türkmen bedewlerimiziň halkymyzyň ýüreginde gadymdan özüniň gözbaşyny ýitirmän gelýän aýratyn bir orny bardyr. Ady äleme dolan Ahalteke bedewlerimiziň diňe bir dünýä atçylygynyň ilkinjiler hatarynda bolmak bilen çäklenmän, eýsem, älem-jahana hakyky sungat eserini we gözelligini peşgeş beren gadymy türkmen jemgyýetiniň medeniýetiniň, sungatynyň ösüşiniň çäksiz subutnamasy hasaplanylýar. Türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke atlarynyň daýawlygy, çydamlylygy, ýyndamlygy, gözelligi we eýesine wepalylygy bilen dünýäni haýrana galdyrýar. Gözellikde, ýyndamlykda, çydamlylykda, toý-dabaralarymyzyň bezegi, türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan bedewlerimiz bu günki gün uly şan-şöhrata eýedir. 

Özleriniň ajaýyp sungat eserlerini döretmekde ýurdumyzyň gözel tebigatyny, asuda asmanyny, parahat ýurdumyzy wasp etmekde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyp ýaşlary özleriniň uly goşantlaryny goşýarlar. Gözel ýurdumyzyň suratkeşleri, heýkeltaraşlary ahalteke bedewlerimizi şöhratlandyryp, birnäçe döredijilik eserlerini ýerine ýetirýärler.

Ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda geçirilýän bäsleşik hem şolaryň biridir. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda-da bu bäsleşige köp sanly eserler hödürlenilip, olardan iň gowulary saýlanyp-seçildi. Milli bedew baýramy mynasybetli bu baýramçylyk dabarasynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Şekillendiriş sungaty” fakultetiniň “Nakgaşçylyk” kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Hoşgeldi Garajaýew “Kanunyň portreti” atly fotoişi üçin, şeýle hem “Binagärlik we dizaýn” fakultetiniň “Binagärlik” kafedrasynyň mugallym Batyr Soltanow “Ahalteke bedewi” atly eseri üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan baýraklar — “Tolkun” telewizor we şahadatnama mynasyp boldylar. Bäsleşigiň ýeňijileri öz döredijilik işlerine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, behişdi bedewlerimiziň bütin dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmagyň bähbidine tagallalaryny we ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna, mundan beýläk-de olaryň keşbini öz döredijilik eserlerinde beýan etjekdiklerine ynandyrdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewleri Türkmenistanyň ösüşiň belentliklerine tarap okgunly hereketiniň keşbini özünde jemleýän nyşan hökmünde dabaralandyrylýar. Bu bolsa geljekde türkmen halkynyň medeniýetiniň we sungatynyň mundan beýläkde has ösmegine uly itergi berýär.

.

Leýli Şyhlyýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok