Ýewropa güni – Ýewropa bileleşigine agza ýurtlaryň parahatçylygynyň hem-de bitewüliginiň baýramy. Ol 1950-nji ýyldan bäri, her ýylyň 9-njy maýynda bellenilip geçilýär. Şol senede Şuman ähnamasyna hem gol çekilipdir. Bu taryhy resminama Ýewropada kömür bilen poladyň birleşip başlan döwrüniň buşlukçysydyr. Ol hem Ýewropa Bileleşiginiň döremeginiň binýadyna öwrüldi. 1951-nji ýylda Ýewropanyň kömür we polat bileleşiginiň döredilmegi babatda şertnama gol çekildi we bu şertnama bir ýyldan soňra güýje girdi. 1986-njy ýylda ýeke-täk Ýewropa ähtnamasy bilen umumy bazar döredildi. 1992-nji ýylda Maastriht ylalaşygy esasynda Ýewropa Bileleşigi döredildi.
Bu gün mynasybetli Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda 140-a golaý dürli derejede çäreler guraldy. Olaryň agramly bölegi guramanyň merkezi binasynyň ýerleşýän ýeri bolan Belgiýada geçirildi.
.
Kemal NURMYRADOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara
nebit we gaz uniwersitetiniň Energetika
we inženerçilik desgalar fakultetiniň
2-nji GTD we GKS hünäriniň talyby.
Teswirler