Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ýüzýyllyklaryň dowamynda halkymyz tarapyndan döredilen milli ruhy gymmatlyklaryň esasynda terbiýelenmegi, watanymyzyň ýeten derejesine buýsanýan,jemgyýete wepaly, zähmetsöýer ylymly-bilimli,ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn medeniýetine,sungatyna ösüşine mynasyp goşant goşýan , kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr.
Ynha bu gün hem Kompozisiýa hünariniň Ýaş zehinli talyp kompozitorlary Perman Täşliýew, Saparmyrat Baýlyýew hem-de Ýazgeldi Gulanow, bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

Ýaş zehinli talyplar halypa kompozitor mugallymlardan sapak alyp, öz ýürek arzuwlaryny, hyjuwlaryny nota geçirip, saz eserleriniň birnaçesini döredipdirler yagny olardan, 3-nji yyl talyp Perman Täşliýewiň Gurbannazar Ezizowyň sözlerine Ses we Fortepiano üçin “Aýralyk pursady” romansy, Fortepiano üçin “Sonatino”. 3-nji ýyl talyp Ýazgeldi Gulanowyň Ses we Fortepiano üçin Gurbannazar Ezizowyň sözlerine “Sen geldiňde” romansy,

Skripka we Fortepiano üçin “Düşdiň meniň ýadyma” romansy

şeýle-de 4-nji ýyl talyp Saparmyrat Baýlyýewiň Skripka we Fortepiano üçin “Hyjuw” pýesasy,

Klarnet we Fortepiano üçin “Gözel diýarym” pýesalary duşuşygyň dowamynda ýerine ýetirildi.
Ýaş kompozitorlar bilen birnäçe sorag jogaplar alşyldy, talyp kompozitorlaryň özleriniň ýerine ýetirmeginde öz döreden eserleri ýaňlandy. Ýaňlanan eserler halypa mugallymlarda tomaşaçylarda talyplarda uly täsir galdyrdy.
.
Leýla AGAMYRADOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Fortepiano” hünäriniň III ýyl talyby.
Teswirler