“Mukamlar” köşgünde geçirilen jaz konsertiniň yz galdyran täsirleri

Halkara Jaz güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde dabaraly konsert geçirildi. Konsertiň başynda jaz sungatynyň döreýşi barada, onuň kämilleşenligi barada gyzykly maglumatlar berildi. Konsertde belli sazandalar Türkmenistanyň at gazan artisti Wladimir Mkrtumow, Igor Şewfow, Kakajan Hudaýberdiýew, Kakageldi Gurbanmyradow, Aşyr Weliýew, Arslan Aşyrow, aýdymçylar Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew, Bahar Durdyýewa, Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri, “Güneş” sazandalar topary, “Mukam” skripkaçylar topary, Röwşen Nepesow türkmen hem-de daşary ýurt kompozitorlarynyň jaz eserlerini şeýle-de jaz görnüşine geçirilip işlenen täze eserlerini ýokary derejede ýerine ýetirdiler. Konsertiň dowamynda “Aşgabat”, “Hüwdi” ýaly eserler jaz görnüşine geçirilip ýaňlanmagy diňleýjileriň has-da ünsüni özüne çekdi. Soňunda dabara gatnaşanlar şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň adyna minnetdarlyk sözlerini aýtdylar.

Jaz-saz sungatynyň bir görnüşi bolup, Afrika we Ýewropa saz medeniýetleriniň arabaglanyşygy netijesinde XIX asyryň soňunda we XX asyryň başynda günorta Amerikada Täze Arleanda döreýär.

Sinkopirlemek prinsipine esaslanýan ýiti ritmika, kakylyp çalynýan saz gurallaryň giňden ulanylmagy, improwizasiýa başlangyjy ösen, labyzlylygy, ses dartgynlylygy bilen  tapawutlanýan aýdyň ýerine ýetirijilik ýaly häsiýetli aýratynlyklar jaza mahsusdyr.

Nusgawy saz häzirki zaman jaza garanyňda spiriçuel, regtaým, blýuz ýaly köpsanly žanrly başlangyçlarynyň esasynda emele gelýär.

XVIII asyryň soňlarynda Amerikada satiriki tomaşalaryň žanry ösüp, olary «Шоу Менестрелей» diýip atlandyrýarlar.

Ilkibaşda bu tomaşalarda Amerikan artistleri  afroamerikanlaryň durmuşyny suratlandyrypdyrlar. XIX asyryň II ýarymynda bolsa hakyky afroamerikanlardan düzülen menestrel toparlary döräp başlaýar we netijede şunuň ýaly professional aktýorlaryň toparyndan köpsanly meşhur blýuz we jaz sazandalary ýüze çykýar.

1920-30-njy ýyllarda bolsa jazyň iň bir kämilleşen döwründe «swit orkestrler» ( sweet) , «uly orkestrler» (big band) döredilýär.

Fletçer Henderson, Çik Uebb, Dýuk Ellington,  Kaunt Beýsi dagylaryň orkestrleri meşhurlyk gazanýarlar.

Jaz diýenimizde elbetde Lui Armstrong, Dýuk Ellington, Ella Fisjerald, Çarli Parker ýaly sungat ussatlary göz öňümize gelýär.

Amerikan sazynyň klassigi, kompozitor Jorj Gerşwini milli kompozitorçylyk mekdebiniň  esaslandyryjylary bilen deňeşdirmek bolar. Ol jaz dili bilen Ýewropa žanrlaryny birleşdirip dünýewi akademiki saz derejesine ýetirmäge çalyşýar. Jazyň täsirini giňeldip günbatar Ýewropa nusgawy žanrlary bolan opera we konsertler bilen baglanyşdyrýar.

Biziň türkmen sungatymyzda we türkmen kompozitorlarymyzyň döredijiliginde hem jaz sungaty öz ornuny tapýar. Türkmen jaz diýip biz köplenç folk we etniki jaza düşünýäris. Halk ýa-da ýörite işlenilen temalary belli bir saz toparlarynda jaz serişdeleriniň kömegi bilen milli sazyň işlenmesinde beýan edilýär.

Häzirki zaman saz gurallaryň üsti bilen jaz improwizasiýalary, folk we etniki jazynyň Türkmenistanda ýöreden toparlaryň arasynda  «Güneş», «Firuza», «Aşgabat» ýaly wokal-instrumental ansambllary aýdyp geçmek bolar.

Oleg Korolýow, Rişad Şafiýew, Mihail Çaryýew, Sabir Rizaýew, Myrat Sadykow dagylar jazyň aýratynlyklarynyň esasynda estrada sungatyna uly goşant goşdular.

Olar üçin Çary Nurymow, Rejep Rejepow ýaly  professional kompozitorlarymyz birnäçe eserleri ýazypdyrlar we bu eserler olaryň repertuarynda giňden ýerine ýetirilýär.

Häzirki döwürde hem «Güneş» topary dikeldildi. Toparda häzirki zaman jaz serişdeleri bilen türkmen sazynyň aýratynlyklary ulanylýar.

Güljemal Durdyýewa,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Sazşynaslyk hünäriniň III ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok