Ýaňy ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyp ýaşlarynyň arasynda “Parahatçylyk sazy, dosluk, doganlyk sazy” şygar astynda geçirilen “Konserwatoriýanyň zehinleri – 2022” atly bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň esasy maksady konserwatoriýanyň talyplarynyň professional derejesini ýokarlandyrmakdan, olaryň ýerine ýetirijilik ukyplaryny baýlaşdyrmakdan hem-de has zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan ybarat. Bäsleşik konserwatoriýada öwredilýän ähli hünärleri boýunça 1-5-nji ýyl talyplaryň arasynda geçirilen bu bäsleşik iki tapgyr esasynda alnyp baryldy. Göz öňünde tutulan şertler boýunça çykyş edip, tapawutlanan talyplar eminleriň baha bermegi bilen ikinji tapgyra saýlandylar. Bäsleşigiň dowamynda talyplar dünýä meşhur daşary ýurt hem-de türkmen kompozitorlarynyň uly göwrümli ajaýyp eserlerini ýerine ýetirmek bilen, şeýle-de häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryny ulanmak arkaly kesgitlenen tema boýunça eden çykyşlary arkaly özleriniň ukyp-başarnyklaryny ussatlyk bilen görkezmegi başardylar. Şonuň netijesinde hem, emin agzalary bäsleşigiň ikinji tapgyrynda talyplara mynasyp orunlary berdiler.
Bäsleşikde I oruna mynasyplar saýlandy Hojamgulyýew Gurbanmyrat, Jorakulyýew Hijran, Bäşimowa Oguljeren Annamuratow Sardorbek, Ýagşygulyýew Merdan, Baýramgeldiýew Merdan, Saparmyradow Guwanç, Kadyrow Döwran, Annagurbanowa Selbi, Mekanowa Jennet, Saparow Nazar, Joraýewa Jeýran, Şammyýew Döwran, Amangeldiýewa Leýli hem-de topar bolup çalmakda Ýagşymyradow Erjel, Nurmyradowa Altyn, Bäşimow Kowus, Komiljanow Şaislam, Gurbanowa Şemşat dagylar ussatlyk bilen şertlere görä ýerine ýetirdiklerini bellemek gerek. Bäsleşigiň II-III orunlara hem-de hormat hatlara mynasyp bolan talyp ýaşlara Konserwatoriýamyzyň Ýaşlar guramasy tarapyndan sowgatlar we hormat hatlary bilen sylaglandy. Gowşurulyş dabarasyndan soň I orunlara mynasyp bolan talyplaryň konsert çykyşlary bilen dowam etdi.
.
Jeýran JORAÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň I ýyl talyby.

Teswirler