Daşary ýurtlarda wagtlaýyn bolýan ýa-da ýaşaýan türkmen raýatlarynyň daşary ýurt pasportlarynyň möhletini uzaltmak boýunça hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekdi. Daşary ýurtlardaky Türkmneistanyň raýatlarynyň hereket ediş möhletleri 2023-ni ýylyň 1-nji ýanwary – 2024-nji ýylyň 30-njy dekabry aralygynda tamamlanýan raýatlaryň daşary ýurt pasportlarynyň möhleti 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldyldy.
Resminama Baş Kanunymyzyň 29-njy maddasyna laýyklykda, şeýle hem häzirki wagtda halkara gatnawlaryň çäklendirilmegi netijesinde, daşary ýurtda bolýan türkmen raýatlarynyň hukuklaryny we bähbitlerini goramak maksady bilen gol çekildi.
Şir SÖÝÜNGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 4-nji ýyl talyby.
Teswirler