Türkmen älem 52E sputnigi

Ýurdumuzda ykdysadyýetimizi ösdürmegiň köpugurlylygy esasynda häzirki wagtda ähli ugurlarda ösüşler gazanylýar. Muňa mysal edip ýurdymyzda öýjükli telefon we teleradio aragatnaşygynyň, telewideniýe infrastrukturasynyň yzygiderli ösüşini aýtmak bolýar. Dünýä döwletleri bilen gatnaşygymyzy mundan beýläk hem ösdürilmegi, teleradio aragatnaşygyny, telekanallaryň sanynyň köpeldilmegi ýaly işlere uly badalga berilýär. Ykdysady taýdan kämil döwleti kemala getirmek üçin hökmany suratda sputnik aragatnaşyk ulgamyny ýola goýmak gerekdir.  

Ilki bilen sputnigiň taryhy barada aýdanymyzda ilkinji gezek dünýäde 1957-nji ýylda SSSR özüniň ilkinji sputnigini älem giňişligine çykardy. 1960-njy ýylda bolsa ABŞ-da Echo-1 sputnigi kosmosa uçuryldy we Amerika bilen Beýik Britanýanyň aralygynda telefon aragatnaşyk ulgamyny ýola goýdy. 1965-nji ýylda bolsa ilkinji “Early birds” (Intelsat-1) ulgamy döredilýar we bu pudakda has täze görnüş ýüze çykýar. Bu sputnik ummanyň üstünden 240 sany telefon kanallaryny birleşdirmäge ukyply bolupdyr. Soňra wagtyň geçmegi bilen dünýäniň başga döwletleri hem özleriniň emeli hemralaryny Älem giňişligine uçuryp başladylar. Şol sanda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda biz hem Türkmen älemi 52 E sputnigini älem giňişligine uçuryldy.

2014-nji ýylyň noýabr aýynda Hormatly Prezidentimiz Milli Sputnik ulgamyny döretmek barada karara gol çekdi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagynda bu jogapkärçilikli meseläniň üstünde işlenilip başlandy. Türkmenistanyň kosmos giňişligindäki sputnigini döretmek barada Fransiýanyň “Thales Alenia Space” kompaniýasy bilen 15 ýyllyk möhlete şertnama baglaşyldy. Bu kompaniýa dünýäniň iň bir uly we öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri hasaplanýar. Kosmos senagatynda 40 ýyldan bäri işläp gelýän bu kompaniýa  bu günki günde Türkmenistan bilen hem hyzmatdaşlygy ýola goýdy.

Türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan bu senede ýagny 2015-nji ýylyň aprel aýynyň 28-ne Türkmenistanyň wagty bilen 04:03 minutda Kanaweral kosmodromynda (ABŞ, ştat Florida) älem giňişligine ilkinji türkmen sputnigi ýagny “Türkmen Älem 52*E”uçuryldy.  

Häzirki wagtda bu sputnik 38 sany işjeň kanallar  bilen arabaglanşyk saklaýar. Ondan 26 sanysy Türkmenistanyň öz hususy işi üçin, galan 12 sanysy “Space Systems International –Monaco S.A.M” kompaniýasyna kärendä berildi. Ilkinji sputnik ulgamy diňe bir milli telewidenýede we radioda öz döwletimiziň tutýan meýdany bilen çäklenmän ol demirgazyga we günbatara ugur alýar.  Ol zonadaky 3 sany anten dünýäniň onlarça döwletlerini üpjün edip bilýär. Has takygy Ýewropadan Aziýa ya-da Irlandiýadan, Beýik Britanýadan – Owganystana çenli, şeýle hem Ýakyn gündogary we Demirgazyk Afrikany öz içine alýar. Ol ýokary tizlik bilen hereket edýär, has takygy onuň tizligi sekuntda 27500  simwoly ýerine ýetirip bilýär.

Türkmen milli sputnik ulgamyny dolandyrmak üçin merkezi Ahal welaýatynda  we Daşoguz welaýatlarynda ýörite dolandyryş nokatlary guruldy, dolandyrmak işi bolsa, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan amala aşyrylýar.

Älem giňişligine uçurylan bu sputnigiň agramy 4707 kg deňdir.Türkmen milli sputniginiň esasy kabul edijiligi sekuntda 3 km golaý bolup ol Ýer şarynyň 24 sagadyň dowamynda aýlanyş wagty bilen deňdir. Bu sputnik häzirki wagtda 26 sany telewideniýe we 10 sany radio kanallar bilen işleşýär, şeýle-de 180-e golaý sputnik bilen aragatnaşyk saklaýar.

Ykdysadyýetimizi ösdürmegiň köpugurlylygyny ýola goýmak üçin döredilýän ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ylmyň gazananlary bilen aýakdaş gidip ýurdymyza, watanymyza wepaly ýaş hünärmenleri taýýarlajakdygymyza  ynandyrýarys.

.

Gözel Kuliýewa,   

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Türkmenabat Agrosenagat orta  
hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

                                                         

                                                              

                                                              

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok