Indoneziýanyň paýtagty üýtgär

Indoneziýanyň hökümeti özleriniň paýtagtyny göçürmekligini meýilleşdirýär. Paýtagtyň göçürilmeginiň esasy sebäbi bolsa Jakartanyň suwuň astyna gidip barmagydyr.

Indoneziýanyň Kalimantan adasynyň günorta-gündogarynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze paýtagtyň ady bolsa Nusantara diýlip atlandyrylar. Indoneziýanyň Prezidenti paýtagtyň göçürilmegi baradaky habary 2019-njy ýylda dünýä mediýasyna ýetiripdi. Pandemiýa sebäpli gurluşugy togtadylan bu taslama döwlet tarapyndan 32 milliard dollara çenli bölünip berildi. Şäheri göçürmek we gurluşyk işlerine ýene iki ýyldan dowam ediler.

Häzirki wagtda Jakarta ummanda suwuň derejesiniň ýokary göterilýändigi sebäpli gark bolup barýar. Ýaramaz şahergurluşyk meýilleşdirilmesi, siller we mundan başga-da birnäçe sebäpler zerarly ilat ejir çekýär.

Halilmuhammet BAÝMUHAMMEDOW

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 1-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok