“Aşgabat siti”-niň resmi web sahypasy açyldy

Häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň demirgazygynda gurluşyk işlerine badalga alan “Aşgabat siti” taslamasynyň resmi web sahypasy döredildi.

Täze açylan, www.ashgabatcity.gov.tm domen ady bilen hereket edýän bu web saýt “akylly şäher” baradaky maglumatlary öz içinde jemleýär. Saýtda “Täzelikler”, “Desgalar”, “Galereýa” we “Teswir galdyrmak” bölümleri hereket edýär. “Aşgabat siti”-niň onlaýn 3D görnüşli interaktiw kartasy bolsa saýdyň özboluşlugyny döredýär.

“Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň umumy meýdany 744 gektardan ybarat bolup, bu ýerde dürli maksatly binalaryň we desgalaryň 240-dan gowragy gurular. Maýa goýum serişdeleriniň hasabyna 1200 orunlyk 4 sany çagalar bagy, 3000 orunlyk umumybilim berýän 4 sany orta mekdep, Medeniýet öýi hem-de 5000 orunlyk stadionly sport toplumy bina ediler. Bu ýerde kaşaň we belent, ýagny 12 — 35 gatly, 107 müňden gowrak ilata niýetlenen, 17 müň 836 öýli, sekiz görnüşli 180 sany ýaşaýyş jaýyny gurmak meýilleşdirilýär.

Gülnabat SAPAROWA

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” hünäriniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok