19-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti «Aşgabat siti» iri ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna degişli meseleler bilen tanyşmak üçin paýtagtyň demirgazyk künjeginde bardy. Döwlet Baştutany bu ýerde «Aşgabat siti» toplumynyň desgalarynyň gurulmagy üçin seçilip alnan ýerleriň derejesi hem-de bu künjegiň tebigy aýratynlyklaryny synlady. Şeýle-de Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak we ýokary ýaşaýyş derejesini üpjün etmek bilen bagly alnyp barylýan işler boýunça şäheriň gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi, şeýle-de gurulmagy meýilleşdirilýän binalardyr inženerçilik desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti täze «Aşgabat siti» ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň depginleriniň pesdigine ünsi çekip, işleri talaba laýyk guramakda haýal-ýagallyga ýol berilýändigi üçin, Gurulýan desgalar direksiýasynyň işine nägilelik bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti işleri degişli derejede ýol goýmagy berk tabşyrdy.
Teswirler