Kitap tölegsiz ýa-da minnetsiz mugallymdyr. Ol her bir pursatda size paýhasy aýan edýär.
A.NOWAÝY
***
Aňyň ösmegi üçin iň gowy maşk ony täze maksatlar bilen ylhamlandyrmakdyr.
I.G.GERDER
***
Okamak, beýleki adamlaryň pikirleri arkaly öz pikirleriňizi emele getirýär.
A.RYBAKIN
***
Esasy zat biziň näme okaýanymyz däl-de, näme we nähili maksat bilen okaýanlygymyzdyr.
E.BERK
***
Adamlar okamagy bes edenlerinde pikirlenmegini hem bes edýärler.
D.DIDRO
***
Medeniýetli adamy terbiýelemek üçin iki güýç has şowly hyzmat edýär: sungat hem ylym. Bu güýçleriň ikisem kitaplarda jemlenýär.
M.GORKIÝ
***
Kitap nesilden-nesle ruhy wesýetdir, garrylardan ýaşlara maslahatdyr.
A.GERSEN
***
Käbir ajaýyp kitaplar gözýetimiňi giňeltse, käbir kitaplary şeýle bir tolgunyp okaýarsyň welin, olar soň-soňlaram hiç ýadyňdan çykmaýar.
N.KRUPSKAÝA
***
Kitap – halkymyza bolan söýgini içimizde terbiýeläp, durmuşymyzyň beýik maksatlaryny şöhlelendirýär.
W.GLADKOW
***
Kitap bilen aragatnaşyk adamyň intellektual ösüşiniň iň ýokary we tapylgysyz görnüşidir.
T.TWARDOWSKIÝ
Mähri MUMINOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler