NEPISLIGIŇ NUSGASY

            Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda deňsiz-taýsyz nepis sungatlarymyzyň biri bolan halyçylyk sungatyna hem uly sarpa goýulýar. Seredeniňde gözüňi dokundyrýan türkmen halysy, türkmen zenanlarynyň arzuwlarynyň, ýürek buýsançlarynyň beýanydyr. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan haly sungaty, ene-mamalarymyz tarapyndan şu günlerimize çenli ýetip gelipdir. Bu nepis sungatyň gadymylygyny tassyklaýan birnäçe taryhy çeşmeler bar.

            Biziň eýýamymyzdan öňki VI müňýyllyga degişli Pessejikdepede üsti açylan diwar nagyşlarynyň ýagny ak suwagyň ýüzüne çekilen pişmepisint gyzyl we gara reňkli şekilleri guşlygöl ýagny teke gölüniň ortasyndaky gönüburçlugyň pişmepisint bölegine gabat gelýär.

            W.I.Sarianidiniň tassyklamagyna görä, Marguşdan tapylan biziň eýýamymyzdan öňki III-II müňýyllyklara degişli keramiki şekillerdäki nagyşlar türkmen halysynyň göllerindäki nagyşlara gabat gelýär.

            Parhaýda we Sumbar jülgesinda 1972-nji ýylda rus arheology I.N.Hlopiniň ýolbaşçylygynda bürünç eýýamyna ýagny biziň eýýamymyzdan öňki II müňýyllyga degişli zenanlaryň jaýlanan guburlaryndan 40-sany daş ikleri tapyldy. Şeýle hem uzynlygy 6-9 sm bolan 16-sany, egreldilen, bürünçden ýasalan kesiji enjamlar hem tapyldy hem-de olaryň gadymy keserdigi anyklanyldy. Şol gurallar häzirki ulanylýan haly keserlerine meňzeşdir.

            Etnolog Ata Jykyýew gadymy keramikanyň käbir nagyşlary bilen häzirki salyr we teke gölleriniň arasynda uly meňzeşligiň bardygyny belleýär. Salyr haly torbasyna salynýan çarhy pelek ýagny günüň sekizburçluk şekilli göli hem Göksüýri ýadygärliginiň keramika önümlerinde hem duş gelmek bolýar. Jemläp aýdanymyzda şu tapyndylar, ýagny, bürünç keserler, haly nagyşlary bilen bezelen keramika önümleri türkmen haly sungatynyň gadymylygyna şaýatlyk edýär.

            Milli medeniýetimizi, asyrlara uzap gidýän baý taryhymyzy dünýä ýaýmaga, ösdürmäge giň mümkinçilikler döredip beren Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun.

Maýagözel GELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok