Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi Toýly Komekow penşenbe güni Italiýanyň Lombardy welaýatynyň gubernatory Attilio Fontana bilen duşuşdy. Bu baradaky habary orient.tm belläp geçýär.
Geçirilen bu duşuşykda taraplar iki ýurdyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwdä-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlardaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler.
Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurdyň işewürleriň gönüden-göni aragatnaşyk gurmagyň gelejegi, şeýle-de dokma, senagat we oba hojalyk pudaklarynda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da duşuşykda ylym-bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy.
Döwran AŞYROW
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 3-nji ýyl talyby
Teswirler