TÜRKMEN DÜNÝÄSI: Daňatar Öwezowyň hor döredijiligi

Türkmen saz sungaty taryhyň gatlarynda barha kämilleşmeklik bilen dowam edýär. Çünki, Türkmenistanyň Prezidentiniň belläp geçişi ýaly, “Türkmenler dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna, medeni-ruhy ösüşine örän uly goşant goşan iň gadymy halklaryň biridir”. Türkmenleriň geçmiş taryhynda ençeme bagşydyr sazandalaryň milli aýratynlykly aýdym-sazlary ussatlyk bilen ýerine ýetirendikleri bu sungatyň soňky ösüşlerine uly esas bolup hyzmat edýär.

Bu babatda türkmen aýdym-saz sungatyny ilkinji bolup düýpli öwreniji rus alymlary W. A. Uspenskiniň hem W. M. Belýaýewiň indiki garaýyşlaryny hem bellemek bolar. Ýagny, “Türkmenistandaky ýaly, sazyň iň köp ulanylýan, iň köp ýaýran we köp üns berilýän başga bir ýurdy göz öňüne getirmek mümkin däl, şol bir wagtyň özünde-de, saz umumyhalk baýlygy bolmak bilen, öz kämilliginiň ýokary derejesini üpjün edýän professionallyk häsiýetini ýitirmeýär. Hemme ýerde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem saz çalmaklygy we aýdym aýtmaklygy başarýan kän, şonuň üçinem her bir türkmen özüniň boş wagtyny iki tarly, näzik sesli dutarda saz çalmak bilen geçirýär” – diýlip bellenilmegi ata-babalarymyzyň saz döredijiligine aýratyn hormat goýandyklaryny ýene-de bir gezek subut edýär.

Geçen asyryň 30-njy ýyllarynda sazçylyk biliminiň ýola goýulmagy, birnäçe sazçylyk mekdepleriniň açylmagy, zehinli çagalaryň bilim almaklary üçin dürli şertleriň döredilmegi bu ugurdaky ädilen aýgytly ädimler bolup durýar. Daşary döwletlerde saz bilimini kämilleşdirmek bilen, türkmen aýdymçylary we sazandalary tanymal ýerine ýetirijiler bolup ýetişýärler.

Türkmen professional sazynyň kemala gelmeginde kompozitorçylyk mekedebiniň ähmiýetli orny bar. Bu ugurda döredijilik ýoluna baş goşan ilkinji kompozitorlaryň biri hem Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Daňatar Öwezowdyr (1911-1966). Ol türkmen saz sungatynda dürli žanrlarda ençeme aýdymdyr sazlary döretmek bilen, milli saz repertuarynyň baýlaşmagyna uly goşant goşdy. “Türkmen halk aýdymlaryna, dessan aýdymlaryna ýugrulan, D. Öwezowyň milli sazlaryna mahsus ajaýyp şirin owazly heňleri onuň kompozitorçylyk ussatlygyndaky ýokary professional döredijiligini emele getirýär”.

Kompozitoryň A. Şapoşnikow bilen bilelikde “Şasenem-Garyp”, “Aýna”, Ý. Meýtus bilen bilelikde “Leýli-Mejnun” ýaly döreden operalary türkmen opera döredijiliginde aýratyn tapawutlanýar. Awtorlaryň döredijilik gatnaşyklary netijesinde emele gelen bu ajaýyp eserler sahna döredijiliginiň repertuarynda möhüm waka bolup durýar.  Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynyň döredilmegi bilen repertuar zerurlygynyň esasy mesele bolmaklygy onuň tiz wagtda çözülmegini talap edýär. Şeýlelikde yzygider köpsanly sahna eserleriň döredilmegi bilen milli opera döredijiligi ösüş ýoluna düşýär. D. Öwezowyň operalaryň döredilmegine özüniň şahsy goşandyny goşmaklygy bolsa, bu ugurdaky alnyp barylan işleriň ilerlemeginde ähmiýetli wezipä eýe bolýar.

D. Öwezow diňe bir kompozitor hökmünde däl-de, eýsem dirižýor hökmünde hem uly işleri bitiren ussatlaryň biridir. “1941-nji ýylda teatryň dirižýory edilip türkmen ýaşlaryndan ilkinji gezek Daňatar bellenýär. Ol teatrda Adrian Şapoşnikowyň “Zöhre-Tahyr”, “Gül-Bilbil”, kompozitorlar Şehteriň we Aşyr Kulyýewiň “Abadan” (ikinji warianty) operalaryna, kompozitor Asafýewiň “Bakjasaraý fontany”, kompozitor Kreýniň “Laurensiýa” baletlerine dirižýorlyk edýär.

Şeýlelikde Daňatar Öwezow gysga wagtyň içinde operanyň dürli usullary, orkestriň gizlin syrlary we aýry-aýry instrumentleriň spesifik aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyş bolýar. Umuman aýdylanda, opera teatry onuň üçin döredijilik mekdebi boldy”. Bu aýdylanlar kompozitoryň dirižýor hökmünde aýry-aýry görnüşdäki eserlere içgin düşünmäge, saz gurallaryň hem hor sesleriniň häsiýetli aýratynlyklaryny, mümkinçiliklerini açyp görkezmäge ýakyndan ýardam berýär.

Aýdymlardyr romanslar, wokal-simfoniki eserler hem D. Öwezowyň döredijiliginde mynasyp orun eýeleýär. Bu eserleriň baý mazmuny, ýerine ýetirijilik aýratynlyklary, milli öwüşginleri özboluşly häsiýetlenýär. Olaryň ajaýyp owazlanyşy häzirki wagtda hem sazandalaryň we aýdymçylaryň repertuarynda mäkäm orun eýeleýär.

Hor eserleri kompozitoryň saz mirasynyň bir bölegini eýeleýär. “Hor – aýry-aýry, diapazony boýunça takmynan meňzeş bolan seslerden ybarat bolan, tembri boýunça biri-birine ýakyn hor partiýalaryndan jemlenen aýdymçylaryň ýerine ýetirijilik düzümi. Bu çylşyrymly, tembrlere baý, gaýtalanmajak öwüşginlere eýe bolan, diňe adam seslerine mahsus örän tehniki gural; ünsli, duýgur hem başarnykly çemeleşmäni talap edýän janly we örän inçe gural”.

Hor eserler sazandarlykly hem a’capella görnüşleri üçin niýetlenilýär. D. Öwezow ussat kompozitor hökmünde nusgawy edebiýatyň görnükli wekilleriniň hem döwürdeş şahyrlarynyň goşgularyna birnäçe ajaýyp hor eserlerini döretdi. Olarda dünýewi hem liriki temalar giňden beýan edilýär.

“Heň – hor sazynyň many-mazmunyndaky sazyň möhüm täsir ediji serişdesidir. Heň derňew edilende diňe bir daşky taraplar däl-de (böküşleriň hem endigan hereketiň, ösüşleriň we pese düşmeleriň gatnaşygy, hereketiň bir belentlikde güýjeýän hem uzak dowamly bolmaklygy, hiňlenmek ýa-da arasyny bölüp aýtmak), eýsem saz keşbini, duýgyny hem pikirleri beýan edýän içki alamatlar hem göz öňünde tutulýar”.

Hor eserleri öwrenilýän ussat kompozitoryň döredijiligindäki ajaýyp horlar ähli babatda düýpli çemeleşmekligi talap edýär. D. Öwezowyň horlarynyň daşky hem içki taraplary ýerine ýetirijileriň kämil başarnyklaryny talap edýär. Heňleriň özboluşly beýan edilişi, dürli saz täsir ediji serişdeleriniň giňden ulanylmagy, ýerine ýetirijilik aýratynlyklary her bir eseriň özeninden ösüp çykýar. Köp sesli owazlanyşyň sazlaşykly ýaňlanmaklygyny gazanmak bilen, hor eserleriniň esasy maksady anyklanylýar. Şonuň üçin hem kompozitoryň giň gerimli döredijiliginde hor eserleri aýratyn täsirliligi, dürli ýazylyş görnüşleri bilen tapawutlanýar.

Kompozitoryň hor döredijiliginde sözüň çuňňur manysy sazyň ýokary derejede owazlanmagyny gazanmaklyga ýakyndan ýardam edýär. Onuň Magtymguly Pyragynyň goşgularyna “Myhmandyr”, “Baglar heý”, “Gitseň, bar aman”, Mollanepesiň goşgularyna “Oýan” ýaly döreden hor eserleri özboluşly ýokary derejede beýan edilen eserlerdir. Dürli ýyllarda döredilen bu hor aýdymlarynyň professional derejesi olary ýerine ýetirijileriň ussatlygyny talap edýär. Çuňňur mazmunly goşgularyň köp sesde ruhubelent ýaňlanmaklygy olaryň häsiýetli aýratynlyklaryny anyklamakda uly ýardam berýär.

D. Öwezowyň hor döredijiliginde döwürdeş şahyrlarynyň sözlerine döredilen sazandarlykly hem a’capella hor aýdymlary uly orun eýeleýär. Olar G. Seýitliýewiň, A. Kekilowyň, G. Burunowyň, B. Kerbabaýewiň, R. Seýidowyň we beýleki şahyrlaryň eserlerinden ybarat. Bu şahyrlaryň döredijiliginde watançylyk, söýgi we beýleki temalar, döwrüň möhüm wakalary giňden beýan edilýär. Olaryň döwrebap saz ýazuwynda aýdyň şöhlelendirilmegi bolsa kompozitoryň ussatlygy bilen täsin heňlerde ýaňlanýar.

B. Kerbabaýewiň goşgularyna “Näme üçin”, “Şetdaly”, “Waharman”, R. Seýidowyň goşgusyna “Meni” sazsyz hor eserlerinde polifoniki saz ýazuw usuly öz beýanyny tapýar. Bu hor eserlerinde gurluş, ritm, çeper beýan ediliş dürlilikleri giňden açylyp görkezilýär.

Eserleriň milli labzy olaryň täsirliligini has-da ýokarlandyrýar.

Kompozitoryň “1952-nji ýylda yglan edilen ýapyk aýdym bäsleşigine üç sany täze aýdym ibermegi, ol aýdymlaryň bäsleşigiň birinji, ikinji, üçünji baýraklaryna mynasyp bolmaklygy” hem D. Öwezowyň dürli mazmunly aýdym döredijiliginde kämillige eýedigine şaýatlyk edýär.

Hor aýdymlarynyň ýerine ýetirijilik usullary dürli-dürlidir. Awtor öz eserlerinde sesleriň ulanylyş tärlerini, olaryň erkekler ýa-da aýallar sesleriniň toparlarynda, garyşyk düzümiň görnüşinde ulanylmagyny gazanýar. Dürli ýazuw usullary hor aýdymlarynyň biri-birinden düýpli tapawutlanmagyna getirýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabynda indikileri belläp geçýär: “Diňe sungat arkaly ýurt islendik dilde, islendik medeniýetde we islendik ýagdaýda bir pursatda we “resminamalaýyn” tanalýandyr”. Türkmen halkynyň ösen ruhy medeniýetiniň bir bölegi bolan aýdym-saz sungaty häzirki döwürde ýurdumyzyň ajaýyp ösüşlerini ýokary derejede wasp edýär. Bu aýratynlyk taryhymyzy, häzirki günümizi hem ertirki ýagty geljegimizi dünýä aýan edýär.

Geçen ýüzýyllyklar bize görnükli bagşydyr sazandalary we ajaýyp türkmen kompozitorlary sowgat etdi. Özleriniň döreden eserleri, ýagny halk aýdym-sazlary, operalary, simfoniýalary we oratoriýalary bilen olar umumyhalk söýgüsini gazandylar. Biziň wezipämiz – beýik ussatlardan miras galan gymmatly döredeijilik we halypaçylyk däplerini mynasyp dowam etdirjek ýaşlary ösdürip ýetişdirmek bolup durýar”.

.

Göwher Hannaýewa,

Maýa Kulyýewa adyndaky
TMK nyň V-ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok