Russiýa Federasiýasnyň ýokary okuw jaýynyň rektory türkmen talyplarynyň ene-atalaryna minnetdarlygyny bildirdi

RF-nyň Uýanowsk döwlet pedogiki uniwersitetinde magistr we aspirantura okaýan daşary ýurtly talyplar aýratyn tapawutlanmagy başardylar. Hususan-da Türkmenistandan, Özbegistandan we Siriýadan okamaga gelen daşary ýurtly talyplar özleriniň akademiki durmuşynda we döredijilik işinde aýratyn tapawutlandylar. Bu barada RF-nyň bilim ministrliginiň resmi web sahypasynda aýratyn bellenip geçildi.

Orient.tm saýtynyň habaryna görä, uniwersitetiň rektory, tapawutlanan talyplaryň oňat terbiýeleri üçin, okuwlaryndaky üstünlikler we işjeňlikleri üçin talyplaryň ene-atalaryna minnetdarlyk hatyny ýollady.

Uýanowsk döwlet pedogiki uniwersitetinde 500-den gowrak daşary ýurtly talyplar bilim alyp, her ýyl olaryň 70-den gowragy taýýarlyp bölüminde özleriniň okuwlaryny alyp barýarlar. Olar esasan Türkmenistandan, Özbegistandan, Müsürden, Siriýadan, Yrakdan, Saud Arabystanyndan, Indoneziýadan, Bolgariýadan, Makedoniýadan, Hytaýdan, we beýleki ýurtlardan gelen talyplardan ybaratdyr.

Saparguly KENANOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok