“Halkyň Arkadagly zamanasy — agzybirligiň, jebisligiň, döwletliligiň, adalatyň we ösüşiň dabaralanmasy”

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen 2021-nji ýylda ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegi gazanyldy, il-ýurt bähbitli ençeme döwletli işlere badalga berildi. Köp sanly durmuş we önümçilik maksatly binalarydyr desgalary gurlup, işe girizildi. Ata Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýy uly dabaralara beslenip, taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy. Şu ýylyň dowamynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ulanmaga berlen ýüzlerçe ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriňdir çagalar baglarynyň, saglygy goraýyş, sportdur önümçilik desgalarynyň, seýilgähleriň açylyş dabaralary bu taryhy senä özboluşly öwüşgin berdi.

Nurana umyt-arzuwlara we şatlyk-şowhunly dabaralara beslenen täze — 2022-nji ýyl Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň şöhratly taryhynyň täze sahypasyny açdy. Il-ulsumyz gadymy döwürlerden dowam edip gelýän asylly ýörelgelere eýerip, Täze ýyly toý dabaralary bilen garşylady. Täze 2022-nji ýylyň öňüsyrasynda onuň «Halkyň Arkadagly zamanasy» atly şygaryny tassyklamak hakyndaky çözgüdiň kabul edilmeginiň çuňňur manysy bar. Bu şygar tutuş halkymyzyň bagtyýarlyk eýýamyny esaslandyran hem-de Watanymyzy täze belentliklere alyp barýan Gahryman Prezidentimize söýgüsiniň we hormat-sarpasynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda 2022-nji ýylda «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda ýurdumyzyň täze belent sepgitlere hem-de ajaýyp üstünliklere barýan ýoluny dowam etdirjekdigi şübhesizdir.

2022-nji ýylyň şygarynyň mazmuny halkymyzyň erk-isleginiň beýanydyr hem-de döwlet Baştutanymyzyň Watanymyzyň üstünlikleri bilen gönüden-göni baglanyşykly giň gerimli işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri hem-de parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary giňden wagyz etmäge gönükdirilendir. Täze ýylyň baş şygarynyň mazmunynda türkmenistanlylaryň Arkadagymyz diýip ýüzlenýän milli Liderine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat duýgulary hem-de Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ertirki bagtyýar gününe ynamy beýan edilendir.

Selbi SAPAÝEWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok