Zehin bäsleşiginiň çempiony belli boldy

Türkmen Telewideniýesinde ençeme ýyl bäri ýaýlyma goýberlip, köpleriň söýgüsini gazanmagy başaran “Zehin bäsleşigi” gepleşiginiň Final duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk Aşgabat söwda we dynç alyş merkezindäki “Talhan” kafesinde ýazgy edildi. Finala çykmagy başaranlar bolsa Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hünärmeni Berdimyrat Begenjow we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň baş hünärmeni Parahat Meretliýew bolupdy. Bilşimiz ýaly, bäsleşigiň bu möwsüminde 6 aýyň dowamynda finalistler jemi 20-den gowrak bäsdeşlerini ýeňmegi başaryp, öz zehinini görkezipdiler.

Bu günki bäsleşik hem Ýunus Allanazarow tarapyndan alnyp barlyp, gyzykly we duýdansyz pursatlara baý boldy. Bäsleşikde “Talhan” kafesi hem sms ýeňijiler üçin ýörite sowallaryny hödürledi.

Siz bäsleşigi dolulygyna 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda, has dogrusy Täze ýyl gününde öňki wagtda tomaşa edip bilersiňiz. Baýramlaryňyz gutly bolsun!

Daýanç BAÝRAMOW,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
“Teatr sungaty” fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok