ILDEŞLERIMIZE TÄZE ÝYL SOWGADY

Elbetde, Täze ýyl baýramy barha golaýlaşýar. Täze ýyl hemmäniň gowy görüp arzylap garşylaýan baýramy bolup durýar. Täze ýylda her bir ynsan rysgal-bereketli saçagyň başyna ýygnanan dogan-gardaşlary, dost-ýarlary we körpeje çagalary bilen şowhunly täze ýyl gepleşiklerine we filmlere garaşýar.

Täze ýyl gepleşikleri, wideoşekiller we filmler häzirden surata düşürilýär. Täze ýylda ildeşlerimize gyzykly zatlaryň ençemesi garaşýar.

Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň döredijilik topary estrada aýdymçylaryň we wäşileriň gatnaşmagynda şowhunly gepleşik taýýarlady. Oňa ýurdumyzyň tanymal artistleri we aýdymçy-sazandalary gatnaşýarlar. Konserte «Miras» teleýaýlymynda Täze ýyl agşamy tomaşa edip bilersiňiz.

Bulardan başga-da, Täze ýyl gijesi şowhunly gepleşikler we filmler ildeşlerimize ýetiriler. Häzirki wagtda kinorežisýor Arslan Eýeberdiýewiň gysga metražly «Syrly sowgat», režisýor Myrat Orazowyň «Geldi Täze ýyl!» we Sapardurdy Annaýewiň gysga metražly «Sowgat» filmi  surata düşürilýär. Olar Täze ýyl gijesi teletomaşaçylara ýetiriler.

Şeýle-de 31-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň, welaýatlardaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň, şeýle hem paýtagtymyzdaky «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňünde gurnalan Täze ýyl arçasynyň başynda boljak konsertler ildeşlerimize göni ýaýlymda görkeziler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok