1995-nji ýylyň dekabr aýynda türkmen halkynyň ykbalynda buýsançly wakalaryň biri bolup geçdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kararyna laýyklykda Türkmenistana Bitaraplyk derejesi berildi. Şu geçen döwrüň içinde Türkmenistanyň Bitaraplygy häzirki zamanyň möhüm wezipelerini çözmekde, döwletleriň we halklaryň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmekde netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň oňyn guraly hökmünde ykrar edildi. 2015-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Halkymyz agzybir, asuda, abadan hem parahatçylykly durmuşda ýaşaýar. Garaşsyz Diýarymyzyň dünýä döwletleri bilen dostlukly, ynsanperwer gatnaşyklary giň gerimli häsiýete eýe bolýar. Munuň özi hemişelik Bitaraplygymyzyň bize beren miweleridir. Bitaraplyk türkmen halkynyň bagtydyr!
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen özara gatnaşyklary has-da ösdürmek arkaly bu gurama tarapyndan işlenilip taýýarlanylýan, ählumumy ykrar edilýän halkara hukuk kadalaryna yzygiderli eýerýär. Ýurdumyzda halkara duşuşyklaryň we maslahatlaryň geçirilmegi köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň barha giň gerime eýe bolýandygyny hem-de onuň sebitde parahatçylygy berkitmekde netijeli orny eýeleýändigini tassyklaýar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýy has-da artyp, onuň sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen bähbitli gatnaşyklary hil taýdan täze derejelere ýetdi.
.
Aýna REJEPOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň koreý dili mugallymy.
Teswirler