Türkmenistan Gyrgyzystan bilen 2022-nji ýyla çenli elektrik üpjünçiligi meselesinde ýene bir şertnama baglaşdy. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Energetika ministri Doskul Bekmurzaýewiň Söwda, Ykdysady, Ylmy, Tehniki we Gumanitar Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Gyrgyzystan hökümetara komissiýasynyň bäşinji mejlisinde aýtdy. Bu baradaky habary orient.tm belläp geçýär.
Saýtda aýdylmagyna görä, duşuşyga iki ýurduň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. Türkmenistan bilen 2022-nji ýyla çenli elektrik üpjünçiligi barada bir şertnama gol çekildi. Doskul Bekmurzaýew häzirki wagtda döwlet we ministrlikleriň baştutanlarynyň derejesinde bu barada gepleşikleriň geçirilýändigini aýtdy.
Duşuşyga gatnaşyjylar şeýle hem senagat, ulag, oba hojalygy, ýangyç-energetika we beýleki pudaklarda aragatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler. Hususan-da, Gyrgyzystana Hazar deňzine girmek üçin döredilen ulag koridorynda bilelikdäki işler barada teklipler berildi.
ORAZMYRADOW Ýunus
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby
Teswirler